SPORT

Bu duşuşyk türk çempionatynyň taryhyna girdi

Türkiýäniň futbol çempionatynyň iň ýokary ligasy bolan Superliganyň 6-njy tapgyrynyň çägindäki «Gaziantep» ― «Başakşehir» duşuşygy çempionatyň taryhyna girdi.

Duşuşykda «Gaziantep» myhman topary 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýeňiş pökgüsini duşuşygyň heniz 10-njy sekundynda Muhammet Demir geçirdi. Şeýlelikde, bu gol Supeliganyň taryhynda iň ir geçirilen gol hökmünde taryha girdi.

Bu duşuşykdan soňra ýer eýeleri utugyny 8-e çykardy. Bu utuk topary ýaryş tertibiniň 10-njy basgançagynda ýerleşdirdi. Geçen tapgyrda «Fenerbahçeni» ýeňen «Başakşehir» bolsa şol duşuşykda alan 3 utugy bilen ýaryşyň 18-nji basgançagynda galdy.

 

Aýdyň gijelerde ösüşler güýç alýar

 

Related posts

59 ýyllyk rekord bilen finala çykdy

Futbol – ägirt uly ykdysadyýet

23 ýyldan soňra “Superboulda” çempion boldy