SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ABŞ doly sanjym edilen syýahatçylar üçin açyk

ABŞ koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly syýahat çäklendirmelerini ýeňilleşdirýär we Angliýa, Ýewropa Bileleşigi we beýleki syýahatçylara öz serhedini açýar.

Şu ýylyň noýabr aýyndan başlap, sanjymyň iki dozasyny alan daşary ýurtly syýahatçylar Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna uçup baryp bilerler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda çäklendirmeler ilki Hytaý üçin girizilipdi we soňra beýleki ýurtlary hem öz içine alypdy.

Ýurduň ýolbaşçylygy täze düzgünleriň gury ýer serhetlerine degişli däldigini, bu çäklendirmeleriň Kanada we Meksika ýaly serhetleşýän ýurtlar üçin entek hem öz güýjüni saklaýar.

Syýahat düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegi köpleri haýran galdyrdy. Sebäbi ABŞ-nyň hökümeti geçen hepde çäklendirmeleri ýatyrmagyň dogry wagt däldigini belläp geçipdi.

 

Birnäçe ýurt serhetlerini açýar

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça uçar gatnawlary amala aşyrylýar

Aşgabat-Türkmenbaşy awtobus gatnawlarynyň sany artdyryldy

Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin goşmaça howa gatnawlary ýola goýar

Rus lukmany Türkmenistanda ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşýar