«Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Saglyk» derman kärhanasy Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna sowgat hökmünde, buýan kökünden gerdejik görnüşli täze dermany önümçilige girizdi. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory Ogulmähri Geldiýewanyň “Türkmenistan” gazetindäki makalasynda bellenilip geçilýär.
Ilaty we bejeriş edaralaryny ýokary hilli derman serişdeleri bilen üznüksiz üpjün etmegi maksat edinip, «Türkmendermansenagat» birleşigi daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.
«Türkmendermansenagat» birleşiginiň«Saglyk» derman kärhanasy hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işine esaslanyp, 150-ä golaý derman serişdelerini öndürýär.
Buýan köki ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mal bolup, ol C witaminine we efir ýagyna baýdyr. Onuň süýjüligi şekeriňkiden 40 göterim artykdyr. Lukmançylykda buýan köki sowuklama garşy, böwrek daş kesellerinde, immun ulgamyny berkitmekde giňden peýdalanylýar. Buýanyň köküniň sowuklama garşy, gakylyk gopduryjy, bakterisid täsirleri, kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrýan häsiýetleri bellidir. Ol öz şypalylyk gymmatlylygy boýunça iň öňdäki orunlarda durýan dermanlyk ösümlikdir.
Türkmenistanda buýan köküniň toşaby, süýri dänesi, melhem çaýlary öndürilýär. Lukmanlar keselleriň öňüni almakda, bejermekde we saglygy dikeltmekde bu melhemleri ulanmagy raýatlara maslahat berýärler.
Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Essen uniwersitetiniň barlaghanasynyň arasynda gol çekilen ylalaşyk esasynda, ylmy-barlag işleri dowam edip, buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmegiň tejribesi barha kämilleşdirilýär. Netijede, ondan taýýarlanylan täze dermanlyk serişde önümçilige girizildi. Buýanyň keselleri bejermekde, kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrmakda, saglygy dikeltmekde oňaýly täsirleri bar.