TEHNOLOGIÝA

Gije jübi telefonyny nirede goýmaly?

Adamlaryň köpüsi gije ýatmazdan ozal jübi telefonyny mümkin boldugyça ýakynrak ýerde goýmaga çalyşýarlar. Bu haýsy ýagdaýlarda howply bolmagy mümkin?

«Janly mekan ekologiýasy» barlaghanasynyň müdiri Anton Ýastrebsew Sputnik radiosyna bu barada öz pikirini aýtdy.

Käbir lukmanlar jübi telefonynyň şöhlesiniň howply täze döreme keseline sebäp bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Ýöne bu çaklama ylym tarapyndan tassyklanylmady. Olaryň häzirki zaman görnüşleri bolsa beýle howpdan düýbünden uzakdadyr. Çünki olar adamlar üçin howpsuzlygyny tassyklaýan sertifikasiýadan geçýär.

Ýöne Ýastrebsewiň pikiriçe, ykjam telefonlarynyň adamyň içki organlaryna we dokumalaryna edýän täsiri entek doly öwrenilmedi. Hünärmeniň aýtmagyna görä, adatça sertifikatlaşdyryş döwründe enjamyň bedene edýän täsiri ýarym metr aralykda bahalanýar. Şeýlelikde, telefonyň kelleden ýarym metr uzakda saklanylmagy gerek. Hünärmen: «Telefony gujaklap uklamaly däl: ony ýassygyň aşagyna ýa-da düşegiň üstünde-de goýmaly däl. Ony kelleden bir metr aralyga çenli uzaklaşdyrmaly» diýýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň ýubileý sammitine gatnaşdy

 

Ýene-de okaň

Ýewropada emeli intellekt: “Audi”, “Siemens” we “Bosch” zawodlaryna ornaşdyrylýar

Hytaý Merkezi Aziýa bilen awiasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

“OpenAI” täze nesil emeli intellekt modeli — “GPT-5”-i hödürledi

Türkmenistanda edaralaryň arasyndaky elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy işe girizildi

ABŞ bilen Hytaý emeli aň ulgamynda öňdebaryjy ýurtlar

Türkmenistanda «Elektron hökümet» ulgamy ösdürilýär