DÜNÝÄ

Dubaýda ekometjit açyldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dünýäde ekologiýa taýdan arassa ilkinji metjidiň gurluşygy tamamlandy.

Täze ekometjit adaty bolmadyk dizaýny bilen beýleki metjitlerden tapawutlanýar. Bu dizaýn bolsa köp mukdarda elektrik toguny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Metjitde adatdakysyndan 26,5 göterim energiýanyň tygşytlamagyna garaşylýar. Sebitde Gün batareýalarynyň ornaşdyrylmagy hem göz öňünde tutulyp, ulanylan suwlar gaýtadan täzelenýär. Birnäçe wagt geçenden soň, gaýtadan işlenen suwdan suwarmak we sarp etmek üçin peýdanmak bolýar.

Bu usul arkaly 55 göterim suwy tygşytlap bolar. Şeýle hem, metjitde 25 metr belentlikdäki minara, awtoulaglar we welosipedler üçin duralga ýeri we başgalar ýerleşendir.

Bu ekodesga dünýädäki ilkinji ekologik metjit bolup, 1050 inedördül metr meýdany eýeleýär.

Dubaýda aýdym aýdýan şaglawuk açyldy

 

Related posts

16-njy oktýabr Bütindünýä Azyk güni

Owganystan Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen-eýran serhedinde söwda-ykdysady zolaklaryny döretmek teklip edildi

Ata Watan Eserleri