IŞ ORUNLARY & TENDERLERSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Olar üçin Ýewropa syýahat çylşyrymlaşýar

Amerikalylar üçin Ýewropa döwletlerine syýahat etmek soňky günlerde kynlaşýar. Munuň sebäbi hökmünde bolsa ABŞ-da koronowirus hadysalarynyň köpelmegi bilen düşündirilýär.

Ýewropa Bileleşigi mundan bir hepde ozal ABŞ-ny howpsuz döwletleriň sanawyndan aýyrdy. Şeýlelikde, Bileleşige agza döwletleriň 27-si amerikan syýahatçylaryny ýurda kabul etmek meselesine gaýtadan sereder.

Ýylyň başynda amerikaly syýahatçylaryň iň kän gelen we köp girdeji gazanan syýahatçylyk merkezleri häzirlikçe ÝB-niň täze kararynyň öňünde alaçsyz. Ýöne käbir ýerlerde ÝB tarapyndan berilýän maslahatlara uýulmaýar. Hususan-da, Italiýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň we Şwesiýanyň syýahatçylyk merkezlerinde amerikaly syýahatçylary görmek mümkin. Şeýle-de bolsa, Niderlandlar Patyşalygynyň hökümeti 4-nji sentýabrdan başlap, ABŞ-ny saglyk üçin howply döwletleriň sanawyna goşdy.

Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak hakyndaky Düzgünnama kabul edildi

 

Related posts

Beýik Britaniýa adaty durmuşa dolanýar

Ata Watan Eserleri

Şäherara awtobus ugurlary üçin petekler onlaýn satylýar

Ata Watan Eserleri

Awtokombinat: Dowamat-dowam we Tehnologiýalar binasyna täze gatnaw