JEMGYÝET

Türkmen-owgan serhedinde işler bökdençsiz alnyp barylýar

Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri göýberilýär.

Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden göýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär.

Şu nukdaýnazardan, owgan tarapynyň Owganystana eksport edilýän harytlar üçin gümrük paçlaryny arzanladandygyny hem bellemek zerurdyr.

 

Türkmenistan Owganystany elektrik bilen üpjün edýär

Related posts

Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Gönüllüler kampanyasına 11 bin başvuru

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar