JEMGYÝET

19-njy awgustdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 19-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20… +22°, gündizine +34… +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25 %. 2021-nji ýylyň 18-nji awgustynda atmosfera howasynyň düzümindäki tozanyň möçberiniň kadadan 4 % köp bolandygy hasaba alyndy.

Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14
metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23… +28° maýyl, gündizine +35… +40° yssy, kenarýaka etraplarynda +31… +36° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 750 mm, çyglylygy 20 — 40 %.
Awazada: howa +33… +35°, basyşy 754 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Balkanabat şäherinde: howa +38… +40°, basyşy 758 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +17… +22° maýyl, gündizine +32… +37° yssy bolar

Änew şäherinde: howa +35… +37°, basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Tejen şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 739 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi
sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16… +21°, gündizine +31…
+36° maýyl bolar.

Mary şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 733 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Baýramaly şäherinde: howa +33… +35°, basyşy 730 mm, çyglylygy 5 — 15 %.

Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi
sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +17… +22° maýyl, gündizine
+32… +37° yssy bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Kerki şäherinde : howa +35… +37°, basyşy 732 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Daşoguz welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16… +21° maýyl, gündizine +32… +37° yssy bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +34… +36°, basyşy 750 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Köneürgenç şäherinde: howa +33… +35°, basyşy 753 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

«Таliban» hereketiniň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

 

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy