SIZDEN GELENLER

Messiniň rekordlary

Futbol äleminiň ýyldyzy Lionel Messiniň Barselona toparyndan gitmegi millionlarça janköýerleri gynandyrdy. Barselona diýlende, ilki bilen Messi we onuň täsin oýunlary göz öňüňe gelýär. Zehinli oýunçy futbol karýerasyny başlan toparynda ajaýyp oýunlary bilen mümkin bolan rekordlara eýe bolup, täsin gollaryň ýüzlerçesiniň awtory boldy. Biz indi «futbolyň jadygöýi» diýen adyny alan Messiniň ajaýyp çykyşlaryny «PSŽ» toparynda görüp bileris. Ýaňy-ýakynda Messiniň bu topara geçmegi bilen bagly pres-konferensiýa geçirildi. 30-lyk belgide çykyş etjek söýgüli oýunçymyzyň indiki oýunlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Geliň, Messiniň futbol äleminde ýeten sepgitleri, gazanan rekordlary bilen tanyş bolalyň.

Dünýäde ilkinji bolup bäş gezek «Altyn topy» alan oýunçy;

Iki we üç gezek «Altyn topy» alan iň ýaş oýunçy (22 we 23 ýaşynda);

Toparlaýyn oýunlaryň ählisinde iň gowy bombardir (79 gol, 2012-nji ýylda);

Taryhda ilkinji gezek FFIA Club World Cup Final baýragyny bir gezekden köp alan oýunçy;

Çempionlar ligasynda 100 oýun oýnan iň ýaş oýunçy (28 ýaş);

Copa America ýaryşynyň iň gowy asistçisi – 11 netijeli geçiriş;

UEFA-nyň Superkobogynyň iň gowy bombardiri;

Çempionlar ligasynda 7 gezek het-trik;

La-liganyň taryhynda iň gowy bombardir;

La-liganyň iň gowy oýunçysy – 6 gezek;

La-ligada iň köp het-trik – 8 (Ronaldu bilen bilelikde);

La-ligada ilkinji 200, 300, 350 gol geçiren oýunçy;

La-ligada ähli garşydaş toparlaryna gol geçiren ýeke-täk oýunçy – 19 oýunda;

Ispaniýanyň Superkubogynda iň gowy bombardir;

La-liganyň taryhynda iň gowy assist;

El-klassikada iň gowy bombardir;

Argentina toparynda iň gowy bombardir;

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda Argentina toparynda gol geçiren iň ýaş oýunçy (18 ýaş);

Bir topar üçin iň köp gol geçiren oýunçy (Pele «Santos» toparynda 643 gol geçirdi) – 644 gol;

 

Serdar ATAÝEW,

«NEBIT-GAZ».

Ortaça zähmet haky nähilli hasaplanylýar?

 

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk