ATAWATAN ESERLERİ

«Emeli aňyň» eýeläp biljek kärleri

Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin günsaýyn kämilleşýän häzirki zaman dünýäsinde ylmyň soňky gazananlaryny durmuşymyza ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Bu özgerişlikleriň yzygiderligi gündelik ýaşaýşymyzyň ähli gurşawlaryna öz täsirini ýetirip, güýçli depginde we okgunly bolup geçýär. Häzirki wagtda tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryndan biri bolan «emeli aň» çalt depginler bilen ösýär. Soňky ýyllaryň iň uly oýlap tapyşy bolan «emeli aň» geljegimizi emele getirjekdigi şeksizdir. Bu tehnologiýa entek ýokary derejelere çykmasa hem eýýämden durmuşymyzyň köp ýerinde görmäge başladyk. Geljekde gündelik durmuşymyzda has köp eşitjek we görjek «emeli aň» tehnologiýasynyň adamyň ornuny eýeläp biljek kärleri şu aşakdakylardyr:

  • Sürüjilik – häzirki çykýan döwrebap awtoulaglarda awtopilot aýratynlygy bilen gelýärler. Awtopilot bolanda «emeli aň» kömegi bilen awtoulagyň öz-özüni dolandyrmasy bolup durýar. Awtopilot hem awtoulagy adamdan pes dolandyrmaýar.
  • Taksiçilik – bu kär hem sürüjilige girýän hem bolsa, aslynda bir kärdir. Şeýle hem bolsa, soňky ýyllarda sanly tehnologiýalaryň gazananlaryny göz öňünde tutsak bu käri hem «emeli aňyň» aljagy ikuçsyzdyr.
  • Fabrik işgärleri häzirki wagtda Hytaýda geljekde işçileriň işini aljak robotlary öndürýärler. Ýurtda Dongguan fabriginde robotlaryň işleýän ilkinji fabrigidir. «Ehnzhen Evenwin Precision Technology» tarapyndan döredilen bu fabrik häzirki işçi güýjüni 90 göterim azaltmagy maksat edinýär.
  • Ofisiant – kafelerde we restoranlarda häzirki wagtda diňe ofisiantlar müşderilere hyzmat etselerde geljekde kafeleriň we restoranlaryň eýeleri ofisiantlar üçin däl-de, «emeli aňly» hyzmatkärlere has köp üns bererler.
  • Uçar dolandyryjylygy (pilot) – Hytaýyň «Ehang» kompaniýasynyň hünärmenleri eýýäm iki ýolagçyny gatnadyp biljek dik uçýan we gonýan sürüjisiz elektrik howa ulagy bolan «eVTOL-y» işläp düzdüler. Eýýäm kompaniýa synag, şeýle hem barlag, okuw we tanyşdyryş maksatlary üçin, müşderilere bu nusgalaryň 40-syny hödürledi.
  • Gurluşyk işleri – häzirki wagtda gurluşyk işleri üçin işçi güýjünden köp peýdalanylýar. Mümkin, «emeli aň» tehnologiýasynyň ewolýusiýasy belli bir nokada ýetende, agyr işler olara galar. Sebäbi emeli aňly tehnologiýalar üçin senetçiligi talap edýän işleri öwrenmek ýa-da gurluşyk ussatlygy ýaly ugur talap edýän işleri başdan geçirmek üçin birnäçe sekunt gerek.

Ýokarda sanalyp kärlere «emeli aňy» ornaşdyrmak boýunça güýçli depginli işler alnyp barylýar. Eýýäm Hytaýyň «Baidu» tehnologiýa şereketi söwda maksatly sürüjisiz taksi hyzmatyny ýola goýdy. Täze hyzmatyň ýurduň paýtagty Pekiniň Şougang senagat parkynda «Robotaxi» ady bilen ýola goýlandygy habar berildi. Bu hyzmatdan peýdalanmak isleýänler «Apollo Go» atly mobil programmany telefonuna ýükläp almaly. Ulanyjy bu programmadan peýdalanyp taksini çagyrýar. Telefona iberilen kod kwadrat bolsa gelen taksiniň gapysyny açmaga ýardam edýär. «Baidu» kompaniýasy bu hyzmatyň geljekde ýurduň beýleki şäherlerinde hem ýola goýuljakdygyny mälim etdi. Birnäçe ýyldan bäri, sürüjisiz ulaglary synagdan geçirýän «Baidu» sürüjisiz ulag parkynda 500 ulag bar. Hytaýda «Baidudan» başga-da, öz ulagyň bilen taksiçilik etmäge mümkinçilik döredýän «Didi» kompaniýasy hem sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlaýar.

Adamzat, takmynan, ýüz ýyl bäri ylmy-fantastiki žurnallarda ýa-da kinofilmlerde görüp boljak iň ajaýyp nusgalaryny oýlap tapmak bilen, uçýan awtoulaglary ýa-da howa taksilerini arzuw edip gelýär. Ýöne şol bir wagtyň özünde, oýlanyp tapylan howa transportunyň nädip we nirede saklanjakdygy, ýolagçylary alyp gitjekdigi ýa-da düşürjekdigi, ýangyç guýuljakdygy we hyzmat ediljekdigi barada hiç kim pikir etmedi. Arzuwlardaky bu boşluk Hytaýyň «Ehang» kompaniýasy tarapyndan «wertiport» diýip atlandyrylýan ýörite howa menzilini döreden gelejegiň taslamasy bilen dolduryldy. «Baobab» diýlip atlandyrylýan wertiportuň beýikligi 30 metr bolar we daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak üçin, ol polatdan we laminirlenen agaçdan gurlar. Şeýle hem taslamada desga hyzmat etmek hem-de äpet sürüjisiz uçarlara meňzeýän howa ulaglaryna simsiz zarýad bermek üçin, elektrik energiýasynyň doly üpjün edilmegine seredilendir. Bu ýöne bir arzuw ýa-da hyýaly hekaýa däl, sebäbi şeýle ulag eýýäm bar. «Baobab» duralgasy ekosyýahat pudagy üçin özüne çekiji bolar diýlip garaşylýar, sebäbi howa taksi giňişleýin gezelençler üçin iň amatly ulagdyr.

 

Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Geljegiň sanly tehnologiýalary

 

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri