DÜNÝÄ

Özbek wekilýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Saparyň barşynda S.Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýokary döwlet derejesindäki ygtybarly syýasy gepleşikler esasynda ilerledilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň, hususan-da, söwda-ykdysady pudagynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag, ýangyç-energetika hem-de gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Özbegistanyň Türkmenistan üçin esasy söwda hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygy bellenildi.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň ähmiýetini nygtamak bilen, taraplar ýakyn günlerde Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde agzalan toparyň başlyklarynyň mejlisini guramagy bellediler.

Türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek baradaky gyzyklanmany tassyklamak bilen, taraplar iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek üçin degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň möhümdigini bellediler. Iki döwletiň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Şu gün şeýle-de Sardor Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Taraplar öňde boljak Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň ähmiýetini bellediler. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikleri we giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda iki döwletiň mümkinçiliklerini açyp görkezýän ykdysady hem-de medeni häsiýetli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Iki döwletiň arasynda ulag-üstaşyr gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, nebithimiýa pudagy bilen bir hatarda, energiýa we senagat hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bar bolan ikitaraplaýyn mehanizmleriniň, şol sanda “Türkmenistan-Özbegistan” Işewürler geňeşiniň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işjeň gepleşikleri dowam etdirmäge ylalaşdylar.

Saparyň çäklerinde Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ç.Gylyjow hem-de E.Orazgeldiýew bilen duşuşdy we söwda, dokma senagaty, şeýle-de oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Dollaryň ornuny eýeläp biljek 6 walýuta

 

 

 

Ýene-de okaň

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri

Hazar deňzi boýunça ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

Tramp işewür Maska täze hökümetde iş teklip etdi

Özbegistan howa ýitgileri we zyýany boýunça halkara merkezi döretmegi teklip etdi

Täjigistan 2037-nji ýyla çenli dolulygyna “ýaşyl” ýurt bolar

Ata Watan Eserleri

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Aşgabatdaky ulag forumyna çagyryldy