MEDENIÝET

Ispaniýa “Ýewropanyň Golliwudyna” öwrüler

Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes öz ýurduny “Ýewropanyň Golliwudyna” öwürmegi maksat edinýändigini belledi. Ol bu barada ABŞ-nyň Los-Anželes şäherine amala aşyran syýahatynda belläp geçdi.

Ýurduň Ministrler Kabinetiniň ýolbaşçysy bu saparynyň çäklerinde “Netflix”, HBO, “WarnerMedia” hem-de “Disney” kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdylar. Ol iri kompaniýanyň ýolbaşçylaryna Ispaniýanyň audiowizual pudagyny ösdürmek üçin 1,6 milliard ýewro bölüp bermegi meýilleşdirýän meýilnamanyň esasy ugurlary barada maglumat berdi.

Bu başlangyç ýurtda ýerleşmek isleýän öndürijiler üçin salgyt ýeňilliklerini, şeýle hem pudak hünärmenleriniň gelmegini ýeňilleşdirmek üçin ýörite wizalaryň berilmegini öz içine alýar.

Sançesiň pikiriçe “maglumat-güýmenje platformalary millionlarça adamyň täze hakykata seredýän pudagyna öwrüldi.”

Aşgabatda dürli maksatly täze binalar gurlar

 

 

Related posts

Gülşirin Hanowanyň täze goşgular ýygyndysy

Ata Watan Eserleri

«Baýlar hem aglaýarlaryň» baş gahrymany aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Howa maglumaty: 23-29-njy ýanwar aralygy