SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG: garyşyk waksinalary ulanmak howply!

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy koronowirus pandemiýasyna garşy dürli öndürijiler tarapyndan hödürlenen waksinalary garyşdyryp ulanmagyň howply bolup biljekdigini öňe sürýär.

Has takygy, BSGG-niň baş ylmy işgäri Sumi Swaminatanyň guramanyň Ženewa assosiasiýasy tarapyndan geçirilen metbugat maslahatynda aýdyşy ýaly, bu iş howply. Çünki waksinalary garmak we olaryň ýerini çalyşmak barada dünýä lukmançylygynda heniz maglumatlar ýeterlik däl.

Şonuň üçin waksinanyň her bir ädiminde lukmanlara maslahat salmak dogry bolar. Eger onuň soňky dozalary barada lukmançylykdan başy çykmaýan adamlaryň özleri çözgüt kabul etse, bu çylşyrymly ýagdaýa getirip biler.

 

Adamlar näçe gradus yssa çydap bilýärkä?

 

 

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar