SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Germaniýa Hindistanda kislorod önümçiligini ýola goýdy

Germaniýa koronawirus ýokanjy sebäpli kyn günleri başdan geçirýän Hindistanda ykjam kislorod öndürýän desga gurdy. Desgada bir günde 400 müň litr kislorod öndüriler.

Koronawirus ýokanjyndna iň köp täsirlenen ýurtlaryň biri bolan Hindistanda çylşyrymly ýagdaýlar dowam edýär. Lukmançylyk serişdelerine, hususan-da kislorod ýetmezçiligi zerarly kynçylyk çekýän Hindistana beýleki ýurtlardan ynsanperwer kömekleri ugradylýar.

Şonuň netijesinde, Germaniýa Deli şäherindäki hassalaryň bejergisi üçin lukmançylyk kislorod önümçiligi desgasyny gurdy. Häzirki wagtda gündelik 400 müň litr kislorod öndürilýän bu desganyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Bu ýerde öndürilýän lukmançylyk kislorody meýdan hassahanasyndaky we beýleki hassahanalardaky kisloroda mätäç näsaglara iberilýär.

 

Ýyladyşhana hojalyklary boýunça seminar

 

Related posts

Ispaniýada “Aglama öýi” açyldy

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

“Türk howaýollary”: Aşgabat gatnawy üçin täze möhlet

Ata Watan Eserleri