SPORT

Tokiodaky Olimpiýa şäherçesi işläp başlady

Dünýäniň iň bir naýbaşy sport bäsleşikleriniň biri bolan tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görýän Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Olimpiýa şäherçesi işläp başlady.

Tokio aýlagynyň kenarynda ýerleşýän şäher 44 gektar meýdany eýeleýär. Onda 18 müň türgen hem-de oilimpiýa ýygyndylaryň beýleki agzalarynyň galmagy üçin ähli şertler döredildi. bu ýerde 3,8 müň otag bar.

Türgenler bu ýere ýaryşlarynyň başlamagyna 5 gün galana gelip ýerleşerler we ýaryş tamamlanandna soňra 2 gije-gündiziň dowamynda giderler. Guramaçylar käbir türgenlere beýleki türgenleri türgenleşdirmek üçin zerur bolan ýagdaýynda ýene-de birnäçe gün galmaga rugsat berer.

Şäherçede koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen lukmançylyk nokady hereket eder. Muňa garamazdan, türgenler her gün test tabşyrarlar, agyz-burun örtüklerini dakynyp, jemgyýetçilik howpsuzlyk araçäk talaplaryny berk berjaý ederler.

Tokiodaky XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary 23-nji iýukkl-8-nji awgust aralygynda geçiriler. Guramaçylar Olimpiýa oýunlaryna koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen daşary ýurtly janköýerleriň gelmegini gadagan etdi. Ýerli janköýerler hem olimpiýa oýunlarynyň ýaryşlaryna çäklendirilen görnüşde gatnaşarlar. Tokio bilen bir hatarda 6 ýapon prfekturasynda ýerli janköýerler hem oýunlara gatnaşdyrylmaýar.

 

Nowak Jokowiç ― «Uimbldon» ýaryşynyň alty gezek ýeňijisi

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň futbol çempionatynyň iň gymmat futbolçysy

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2025: toparlar düzümlerine üýtgeşmeler girizdiler

Luis Dias “Bawariýa” geçdi

Žoau Feliks “Al-Nasryň” futbolçysy boldy

Türkmenistanyň futbol täzelikleri

Angliýanyň zenanlary Ýewropa çempiony boldy