TEHNOLOGIÝA

Täze BMW skuteri bilen tanyş boluň

Awtomobil öndürýän BMW şereketi täze CE 04 skuterini tanyşdyrdy. Täze skuteriň bir modeli şäheriň içinde ulanmaklyga niýetlenen bolup, 60.6 Ah (8.9 kWh) batareýa eýe we bu batareýa arkaly 130 kilometrlik menzili bir gezeklik zarýad bilen geçýär.

Ikinji model skuter bolsa, 31 kW (42 hp) elektrikli motoryna eýe. Bu bolsa, täze modeli hem şäheriň içinde, hem şäheriň daşynda ulanmaklyga mümkinçilik berýär. Täze skuter 0-dan 50 km/s tizlige 2.6 sekuntda çykýar.

BMW CE 04 skuteriniň yşyklandyrma sistemasy örän sada bolup, skuteriň öň tarapyndaky yşyklandyrmasy U görnüşdäki LED çyralar bilen üpjün edilipdir. Stop çyralary bolsa, C görnüşde skuteriň ýan taraplaryna berkidilipdir.

Täze BMW CE 04 skuteri BMW awtomobillerini öndürýän tehnologiýalar bilen öndürildi. Elektrikli skuter “ýaşyl energiýa” bilen ýasalan litiý ion batareýa modulyna eýedir.

Ýokary derejede gyzmagyň öňüni almak we elektrikli motoryň güýjüni öndürmek üçin ýokary woltly akkumulýatordan gyzgynlygy dargadýan howa sowatma sistemasy hem skuterde ýerleşdirilipdir.

BMW CE 04 doly zarýad bilen 4 sagat işläp bilýär. Şol bir wagtda bu model 1 sagat 40 minutda doly zarýad alýar.

Täze skuter 231 kg agyrlykda bolup, 16000 dollardan satuwa hödürlendi. Şeýle-de şereket täze model skuteri sargyt eden kişilere skuterleri 2022-nji ýyldan soň sargytlaryny gowuşdyryp biljekdigini duýurdy.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Nowak Jokowiç ― «Uimbldon» ýaryşynyň alty gezek ýeňijisi

 

 

 

Ýene-de okaň

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy

“Yolugry” programmasy bilen yollar has amatly we gyzykly bolar!

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda kiberhowpsuzlyk boýunça türkmen-hytaý geňeşmeleri geçirildi