TEHNOLOGIÝA

Ilkinji zenan-astronawt

Birleşen Arap Emirliklerinden 28 ýaşyndaky Nura Al-Matruşi kosmos giňişligine uçmak üçin taýýarlyk maksatnamasyna girişýär. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Ol arap dünýäsiniň ilkinji zenan-astronawty bolar. BAE-niň Şarja emirliginden inžener-mehanik bolan Nura bu ugurda dürli ylmy işlerini alyp baran hünärmenleriň arasyndan saýlanyp alyndy.

Nura başlangyç tapgyrda ilki bilen öz ýurdunda taýýarlyk maksatnamasyndan geçer. Soňra ol ABŞ-daky Lindon Jonson adyndaky kosmos merkezinde hünär kämilleşdiriň okuwyny alar.

Umuman, arap döwletleriniň arasynda BAE kosmos giňişligine uly ähmiýet berýär. bu ugurda köp sanly maýa goýum taslamalaryny özleşdirýär. Ýurduň ilkinji kosmonawty Hazza al-Mansuri 2019-njy ýylyň sentýabrynda Baýkonur kosmodromyndan Halkara kosmos bekedine gidipdi.

 

 

Türkmen Liderine Gyrgyzystandan çakylyk

Related posts

Kosmosda surat çeker

Ata Watan Eserleri

“Mersedes-Benz” täze elektrik modelini hödürledi: bir zarýadda 1000 kilometre çenli aralyk

Ata Watan Eserleri

“Square” 3 günde üç rekord goýdy