SIZDEN GELENLER

Pluot miwesiniň peýdaly häsiýetleri

Özboluşly hem-de köptaraplaýyn peýdaly häsiýete eýe bolan pluot miwesi – erik bilen garalynyň çaknyşdyrylmagy netijesinde alnan ajaýyphem-de tagamly miwedir. Ady hem şondan gelip çykan, ýagny iňlis dilinde “plum-garaly” hem-de “apricot-erik” sözlerinden. Käbir ýurtlarda oňa “slibrikos” hem diýilýär, ýagny rus dilinde слива-garaly, абрикос-erik diýmekdir. Bu özboluşly miwe özüniň köpsanly ylmy işleri bilen tanalýan biolog Floýd Zaýgeriň işidir. Miwe ilkinji gezek 1989-njy ýylda Kaliforniýada ösdürilip ýetişdirildi, häzirki wagtda bolsa ýer ýüzünde onuň 11 sorty ýetişdirilýär. Sort aýratynlyklaryna görä onuň reňki açyk ýaşyl, gyrmyzy, gülgüne reňklerde bolup bilýär. Içki etlek miwesi örän şirelidir. Bu bolsa ondan dürli hili içgileri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Her 100 gramynda 57 kkal bar bolup, bu bolsa onuň energiýa gymmatyny artdyrýar.

Pluoty gündelik ýa-da belli bir wagtdan sarp etmekligiň nerw ulgamyna örän oňaýly täsir edýändigi ýüze çykaryldy. Ol şeýle-de immuniteti ýokarlandyrýar, aşgazan-içege kesellerinde ýüze çykýan bozulmalary bejermekde peýdalydyr. Onuň ýene-de bir artykmaç tarapy bedendäki holesteriniň derejesini peseltmäge ýardam edýänligindedir. Emma tagamynyň örän süýjüligi hem-de düzüminde şekeri köp mukdarda saklaýanlygy sebäpli süýjüli diabet keselinden ejir çekýänlere ulanmak maslahat berilmeýär. Şeýle-de ony aç ýagdaýda iýmeklik hem zyýanlydyr, çünki onuň düzüminde dürli gyjyndyrmalary amala aşyrýan ýörite maddalar köp saklanýar, bu bolsa aşgazan keseliniň-gastritiň güýçlenmegine alyp barýar. Gibrid miwede A, C, B witaminler topary, demir saklaýan möhüm birleşmeler we süýüm maddalary köp saklanýar. Bu bolsa beden saglygy üçin möhüm görkezijiler bolup, onuň iýmitlik gymmatyny ýokarlandyrýar.

Enejan Çaryýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Howa maglumaty metbugatda yzygiderli berler

 

 

 

Ýene-de okaň

Sanly ulgam – täze mümkinçilikleriň sazlaşygy

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy