Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe gidip, sebit we halkara işlerde möhüm orun eýeleýär.
Biziň döwletlerimiziň arasynda strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen hemme ugurlarda özara bähbitli rus-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürjekdigimize ynanýaryn. Munuň özi biziň dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýär we Merkezi Aziýada hem-de Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendir.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt, abadançylyk hem-de üstünlikler arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýurduňyz düýpli özgertmeleri geçirmekde, ösüş we abadançylyk babatynda uly üstünlikler gazandy. Hytaý tarapy bu üstünliklere ýokary baha berýär.
Häzirki wagtda hytaý-türkmen gatnaşyklary üstünlikli ösdürilýär, syýasy taýdan özara ynam, netijeli işewürlik hyzmatdaşlygy hem-de halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Iki ýurduň halklary özara goldaw ruhunda pandemiýa garşy bilelikde göreş alyp barýar, däp bolan dostluk pugtalandyrylýar.
Geljek ýylda ýurtlarymyz diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellär. Hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns bermek bilen, Siz bilen bilelikde iki ýurduň halklarynyň bähbidine döwletara gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmak üçin tagallalarymyzy birikdirmäge taýýardyrys.
Size berk jan saglyk we geljekde hem üstünlikler arzuw edýärin.
Si Szinpin,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Türkmenistanyň syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlarda gazanan üstünlikleri, Aşgabadyň halkara bileleşikdäki belent abraýy Siziň döwlet Baştutany wezipesinde köp ýyllaryň dowamynda Watana gulluk etmegiňiziň, öňdengörüjilikli hem-de parasatly syýasatyňyzyň aýdyň netijeleridir.
Siziň başlangyçlaryňyzyň hem-de özgertmeleriňiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň geljekde hem Türkmenistanyň durnukly ösüşine, raýatlaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyna hem-de dünýä derejesinde ýurduňyzyň ornunyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Gazagystan Size ygtybarly dost hem-de hyzmatdaş hökmünde garaýar we dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýär. Bilelikdäki tagallalar netijesinde gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň geljekde hem okgunly ösdüriljekdigine we biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de jogapkärli döwlet işleriňizde Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Şanly waka — Siziň Alyhezretiňiziň doglan güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär we bu meniň üçin uly mertebedir. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň dostlukly halkyna hem-de Hökümetine geljekde hem ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Halifa bin Zaýed Al Nahaýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size mahsus bolan parasatlylyk, strategik derejede pikirlenmek hem-de ýolbaşçylyk zehini köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň döwletliligini pugtalandyrmak, ykdysady kuwwatyny we halkara derejede abraýyny belende götermek ýaly asylly işlere hyzmat edýär.
Minsk bilen Aşgabadyň arasynda ýurtlarymyzyň dostlukly halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygymyzy tassyklaýaryn.
Siziň hut özüňiziň tagallalaryňyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, täze bilelikdäki meýilnamalaryň we başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine düýpli itergi berjekdigine ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt we ähli başlangyçlaryňyzyň hasyl bolmagyny arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlamaga hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.
Siz döwlet Baştutany wezipesinde köp ýyllaryň dowamynda Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň ösdürilmegine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurduňyzyň halkara giňişligindäki ornunyň we abraýynyň has-da pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýarsyňyz.
Siziň sebit we ählumumy ähmiýetli başlangyçlaryňyzyň ençemesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan işjeň goldanylýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Siziň yzygiderli döredijilikli syýasatyňyz netijesinde, soňky ýyllarda Aşgabadyň keşbiniň düýpgöter özgerendigini hem-de häzirki zaman derejede ösýän, ýaşamak üçin örän amatly şähere öwrülendigini aýratyn bellemek isleýärin.
Ýakynda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny bellän bu şäheri okgunly ösýän Garaşsyz Türkmenistanyň aýdyň nyşany diýip atlandyrsak, ýerlikli bolar.
Soňky ýyllarda biziň halklarymyzyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da berkidilýär. Özara hormat goýmak we dost-doganlyk ruhunda netijeli gepleşikler ýola goýuldy.
Siziň Alyhezretiňiz, men şu ýylyň aprel aýynda bolan ýürekdeş hem-de açyk söhbetdeşliklerimizi aýratyn ýakymly duýgy bilen ýatlaýaryn.
Bilelikdäki gyzyklanmalarymyz hem-de işjeň tagallalarymyz netijesinde, örän ýakyn geljekde gazanan ylalaşyklarymyzy doly durmuşa geçirjekdigimize hem-de strategik hyzmatdaşlygymyzy mümkinçiliklerimize we kuwwatymyza laýyk derejede täze belentliklere çykarjakdygymyza ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Sizi durmuşyňyzdaky bu şatlykly we ýatda galyjy sene bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de berk jan saglyk, maşgala bagtyny hem-de abadançylygy, Siziň jogapkärli döwlet işleriňizde täze ýeňişler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin!
Çuňňur hormatlamak bilen,
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli Size gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.
Doganlyk Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri, ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagy hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşi Siziň alyp barýan maksada okgunly we parasatly syýasatyňyzyň aýdyň netijesidir. Azerbaýjan Respublikasy doganlyk ýurduň gazananlaryna tüýs ýürekden begenýär.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini saklamakda hem-de pugtalandyrmakda Siziň bitirýän işleriňiz uludyr. Biziň soňky ýyllarda ýüzbe-ýüz hem-de köptaraplaýyn derejede wideomaslahatlar görnüşindäki duşuşyklarymyz, pikir alyşmalarymyz gatnaşyklarymyzyň we hyzmatdaşlygymyzyň ýokary derejesiniň mysallarydyr.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňzindäki “Dostluk” käniniň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak hem-de özleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň biziň halklarymyzyň arasynda dost-doganlygyň nobatdaky aýdyň subutnamasydygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Biziň döwletara gatnaşyklarymyzyň, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejedäki hyzmatdaşlygymyzyň geljekde hem taryhy kökleri baglanyşdyrýan halklarymyzyň erk-islegine laýyklykda okgunly we yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, bu röwşen günde Size berk jan saglyk, bagt hem-de ýokary döwlet wezipäňizde Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine üstünlikleri arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagt, abadançylyk hem-de dostlukly Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri arzuw edýärin.
Döwlet Baştutany wezipesinde Siziň alyp barýan işleriňiziň netijesinde, Türkmenistan okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň ýolunda öňe ynamly gadam urýar, halkara giňişlikde abraýyny pugtalandyrýar.
Täjigistan Türkmenistan bilen özara düşünişmek, ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny geljekde hem pugtalandyrmagy we çuňlaşdyrmagy ugur edinýär.
Biziň oňyn hem-de ýygjam gatnaşyklarymyzyň we bilelikdäki işlerimiziň dowam etdirilmeginiň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine döwletlerimiziň netijeli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Hormatlamak bilen,
Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.