Türkmenistan Russiýa tebigy gaz eksportuny ýokarlandyrdy. “orient.tm” neşiriniň Russiýanyň “Interfaks” habarlar gullugyna salgylanan habaryna görä, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy türkmen tebigy gazynyň satyn alynmagynyň möçberini 2,2 milliard kubmetre çenli artdyrdy. Geçen ýylyň degişli döwründe, bu görkeziji 1,3 milliard kubmetre deň bolupdy.
Bu barada “Gazprom” kompaniýasynyň hasabynda bellenilip geçilipdir. 2020-nji ýylda rus kompaniýasy Türkmenistandan 4,7 milliard kubmetr tebigy gaz satyn alypdy.
“Gazprom” kompaniýasy 2019-njy ýylyň aprel aýynda türkmen gazyny satyn almagy täzeden ýola goýupdy. Şol döwürde 15-nji aprel-30-njy iýun aralygynda 1,2 milliard kubmetre gaz iberilipdi.
2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda “Gazprom” kompaniýasy “Türkmengaz” döwlet konserni bilen türkmen gazyny satyn almak babatda 5 ýyllyk möhlet bilen şertnama baglaşypdy.