JEMGYÝET

Daşary ýurtda galan türkmen raýatlary pasport möhletini uzaldyp biler

Özlerine bagly bolmadyk sebäpler boýunça daşary ýurtlarda galan Türkmenistanyň raýatlary pasportlarynyň möhletini uzaldylyp bilerler. Bu «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynda beýan edilýär.

“Türkmenistan” gazetinde çap edilen kanunda şeýle beýan edilýär:

29-njy maddanyň altynjy böleginiň dördünji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň, özlerine bagly bolmadyk sebäpler boýunça daşary ýurt döwletlerinden Türkmenistana gidip bilmeýän halatlarynda, olaryň hereket ediş möhletleri tamamlanan ýa-da tamamlanýan pasportlarynyň hereket ediş möhletleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda uzaldylyp bilner.».

 

Gök çaýyň düzüminde koronawirusa garşy peýdaly maddanyň bardygy anyklandy

Related posts

Halkara Habarlar Merkezi: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

“CZN Burak” ady bilen tanalýan meşhur aşpez bilen ýörite söhbetdeşlik

Ata Watan Eserleri

Dünýäde iň gymmat şypahana

vepa