Hormatly okyjylarymyz!
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün maliýe işjeňligi, islendik işjeň hereket we gyssagly karar talap edýän meseleler üçin amatsyz. Maliýe ýagdaýynyň käbir sebäplere görä ýaramazlaşmagy ähtimal. Işiňizde adatdakysyndan has yhlasly bolsaňyz-da, başlygyňyz bilen düşünişmezlikler bolup biler. Saglyk bilen baglanyşykly kynçylyklaryň bolmagy mümkin.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Güýçli, energiýaly gün. Islendik işe, hatda iň töwekgelçilikli işe-de standart däl çemeleşme gowy ýarar. Belki söýgi ýa-da gaty şatlykly duşuşyk bolar. Söwda etmek üçin amatly gün: amatly söwda edip bilersiňiz, jaýymyzy abatlamaga başlap bilersiňiz.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Biderek umytlar, hyzmatdaşlykda biwepalyk bilen baglanyşykly amatsyz gün. Daşarky täsir, maliýe ýagdaýyňyza zyýanly täsir edip biler ýa-da işiňizi täzelemek bilen baglanyşykly gözlegleriňiz islenýän netijeleri bermez. Islendik kararyň iň garaşylmadyk netijeleri bolup biler.
Oňyn we negatiw tendensiýalar bilen baglanyşykly gaty işli we başagaý gün. Söýgi hekaýasynyň başlangyjy bolup biljek bir tanyşlyk bolar, ýöne agalyk etmek islegi we käbir ownuk-uşak zatlar gözýaşlara we lapykeçlige sebäp eder. Erkekleriň aşa ynamsyzlyk etmegi ýa-da birkemsiz bolmak islegi sebäpli ýagdaý kynlaşyp biler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Häzirki wagtda ownuk düşünişmezlikleriň bolmagy mümkin, şonuň üçin gündelik işleriňizi öňünden meýilleşdirmeli. Pes durmuş potensialy öndürijiligiňize we dogry karar bermek ukybyňyza täsir edip biler. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzda durnuksyzlyk ähtimal.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Durmuş potensialyňyz azalýar. Keýpiňiziň duýdansyz üýtgemegi, emosional bozulmalar ýa-da keseller bolup biler. Özüňizi izolýasiýa etmezlige synanyşyň. Özüňize ýakyn adamlara, esasanam çagalara üns bermeli.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Islendik möhüm işe başlamak ýa-da iş ornuňyzy çalşmak üçin amatly gün. Size täze wezipe teklip edilip bilner. Ikirjiňlenmän razy boluň, ýakyn wagtda durmuşda möhüm üýtgeşmeler garaşýar.
Daluw (gowa 21.01-20.02 )
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Işewürlige jogapkärli garaýyş, üstünlik gazanmak ýolundaky ähli päsgelçilikleri we töwekgelçilikleri ýeňip geçmäge mümkinçilik berer. Ýyldyzlar wagtyňyzy dogry kesgitlemegi we peýdalanmagy maslahat berýärler. Energiýaňyz töweregiňizdäkileri özüne çekip ýa-da geň galdyryp biler. Täze girdeji çeşmelerini tapmaga mümkinçilik berýän täze pikirleriň ýüze çykmagy hem ähtimaldyr.
Taýýarlan: Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby