SPORT

“Ýuwentus” toparyna täze tälimçi bellendi

Italiýanyň güýçli toparlaryndan biri bolan “Ýuwentus” toparynda ozal bu toparyň düzüminde futbol oýnan Andrea Pirlo tälimçilik babatda garaşylan netijeni berip bilmedi. Şonuň üçin toparyň ýolbaşçy düzümi ony wezipesinden boşatdy.

Toparyň täze tälimçisi wezipesine gaýtadan Massimiliano Allegri bellendi. Ol özüniň ozalky topary bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy we ýyllyk zähmet haky 9 million ýewro deň bolar.

54 ýaşyndaky tälimçi “Ýuwentus” toparyny örän gowy tanaýandygy üçin onuň bilen hyzmatdaşlyk etmek has maksadalaýyk hasap edildi.

Allegri mundan ozal 2014-2019-njy ýyllarda “Ýuwentus” toparyna tälim beripdi. Tejribeli tälimçiniň tälim beren döwründe topar 5 gezek ýurduň çempiony boldy. Şeýle hem 4 gezek Italiýanyň kubogyny, 2 gezek Superkubogyny gazandy. Mundan başga-da, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda UEFA-nyň Çempionlar ligasynda finala çykmagy başarypdy.

Toparyň düzüminde çykyş edýän dünýä belli futbolçy Kristiano Ronaldonyň toparda galyp galmajakdygy näbelli. Onuň Turin toparyndan gitmegine garaşylýar. Dünýä belli portugal futbolçyny Italiýanyň “Roma” topary hem garaşýar. Ol ýerde Ronaldony gowy tanaýan hem-de ildeşi portugaliýaly tälimçi Žoze Mourinýo işleýär.

Alaba “Reala” geçdi

Ýene-de okaň

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy

Eldor Şomurodowyň goly toparçalaýyn tapgyryň iň owadan goly hasaplandy

Erling Holandly Norwegiýa 1/8 finalyna çykdy