SPORT

Alaba “Reala” geçdi

Germaniýanyň “Bawariýa” topary bilen köp sanly kuboklary gazanan Dawid Alaba mundan beýläk Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynda futbol ýoluny dowam etdirer. Futbolçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Goragçy Dawid Alaba täze toparynda ýylda 12 million ýewro gazanar. Ol ozalky topary “Bawariýanyň” düzüminde 12 ýyl çykyş etdi. German toparyny ol erkin agent hökmünde terk etdi.

Alaba german topary bilen 9 gezek Germaniýanyň çempiony, 6 gezek ýurduň kubogyny we 5 gezek Superkubogyny gazandy. Şeýle hem ol “Bawariýanyň” düzüminde çykyş eden döwründe Çempionlar ligasyny, UEFA-nyň Superkubogyny hem-de toparlaryň dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.

Alaba “Bawariýanyň” düzüminde 427 duşuşykda oýnap, 33 gezek tapawutlandy.

 

Türkmenistandan Russiýa 13-nji ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy

Eldor Şomurodowyň goly toparçalaýyn tapgyryň iň owadan goly hasaplandy

Erling Holandly Norwegiýa 1/8 finalyna çykdy