SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Germaniýada çagalara koronawirusa garşy sanjym etmek maslahat berilýär

Germaniýanyň saglygy goraýyş ministri Jens Şpan mekdep okuwçylary üçin «BioNTech Pfizer» sanjymyny ätiýaçda goýmak barada aýtdy.

Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, çagalar üçin «BioNTech Pfizer» sanjymyny saklap goýmak, tomus dynç alyşyndan soň Germaniýa mekdepleriniň açylmagyny üpjün edýän iň täsirli usuldyr.

Bu barada Şpan şeýle diýdi:

― Biziň maksadymyz, şu ýylyň awgust aýynyň ahyryna çenli ähli mekdep okuwçylaryna sanjymy maslahat bermek.

Nemes we amerikan kompaniýalary bilen bilelikde işlenip düzülen sanjym bu 12 ýaşdan 15 ýaş aralygyndaky çagalarda ulanmaga niýetlenen Ýewropanyň «Däri-derman» guramasy tarapyndan synagdan geçirilýän ýeke-täk dermandyr.

Germaniýada tutuş ýurt boýunça mekdepleri ýapmak we açmak üçin birmeňzeş düzgünler bar. «Çalt durmak» mehanizmi, nähilidir bir dolandyryş birlikde 100 müň adama seredende COVID-19 ýokaşdyrýan keseliň sany 165-den geçse, okuwyň doly bes ediljekdigini aňladýar. Eger keseliň derejesi bu derejeden pes bolsa, uzak aralyk we gündiz okamak formaty giriziler. «BioNTech Pfizer» sanjymy Kanadada we ABŞ-da 12 ― 15 ýaş aralygyndaky çagalarda ulanylýar.

 

140 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi

 

 

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy