SIZDEN GELENLER

“Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly halkara sergisi

2021-nji  24-nji maýynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-Senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly halkara sergisi geçirildi. Bu sergä ýurdumyzyň öňdebaryjy kompaniýalary, ýuridik şahslary, işewür guramalaryň wekilleri, daşary ýurt wekilleri şeýle-de ykdysady pudaklaryň ösmegine goşant goşan telekeçiler gatnaşdylar. “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda goşa baýramyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy we Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilmeginde çuňňur many bar. Mermer şäher Aşgabat dünýäniň owadan şäherleriniň bir hökmünde ykrar edilip, onuň keşbi binagärlik baýlygy hem-de milli öwüşgini bilen akylyňy haýran edýär.

Sergide meşhur “Çigildem”, “Aýbölek”, “Ak Bulut” “Ussat inžener”,  “Döwletli-Döwran” we beýlekiler öz önümlerini hem-de hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar. Hususy pudak daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmekde hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, bäsleşige ukyply önümçilikleri ösdürmekde  ähmiýetli orun eýeleýär.

Esasan hem,  bu sergide  “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti ünsi özüne çekdi.  2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagat we Gurluşyk öňümçilik Ministrligi bilen bilelikdäki döredilen bu hojalyk jemgyýeti smart telefonlary, sowadyjylary, kompýuter enjamlary, telewizorlary we beýleki ýokary tehnologiýalary öndürip, halka hödürleýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde daşary ýurt kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlyk saklaýan  iri türkmen kompaniýalarymyz özleriniň ýokary hilli önümlerini halkymyza hödürlemegi, bagtyýar ilimizi begendirýär. Bularyň ählisi asuda, erkana we parahat durmuşymyzdan, bolelin ýaşaýşymyzdan nyşan. Şeýle sergidir, dabaralaryň, taryhy ähmiýetli wakalaryň  belli bir senelere baglanyşlanyp geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady, syýasy ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

 

Şahnoza EMINOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara  

 hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.  

 

ABŞ-nyň Albukerke şäheri bilen doganlaşan şäher: Aşgabat

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti