MEDENIÝET

Bäsleşige: Reňklerde ýaşaýan sungat

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli syýasy, medeni ähmiýetli köpsanly çäreler geçirilýär. Golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly döredijilik sergisi geçirildi. Döredijilik sergisi Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Işanguly Işangulyýewiň döredijilik ýoluna bagyşlanyldy.

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegi, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolmagy ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» ady bilen geçirilýän çäreler, dabaralar häzirki wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ählisinde diýen ýaly beýan edilip, halkymyzyň milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, ata-baba ýörelgeleri, ene-mamalarymyzdan galan milli el işleriniň waspy bu gün belentden ýetirilýär. Halkymyzyň zehini, halkymyzyň sungaty, halkymyzyň medeniýeti bu günki gün dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Her bir döredilen döredijilik ýoly, ony döredijiniň kalbyndan syzylyp, milli äheňde şöhlelendirilýär. «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly döredijilik sergisinde Türkmenistanyň at gazanan işgäri, ussat halypa Işanguly Işangulyýewiň döredijiliginde hem bu aýdylanlar öz beýanyny tapýar.

Surat çekmek bu ugra ömür ýoluňy baglap, zähmet çekmek, dünýäniň duýguly älemini ele alan mysalydyr. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Işanguly Işangulyýewiň döredijiligindäki suratlara seredeniňde has-da buýsanýarsyň, gözellikleriň kagyz ýüzünde janlananyna haýran galýarsyň.

Ussat halypanyň eserleriniň aýratynlygy onuň haýsy döwletde, haýsy milletde bolanynda-da döreden eserlerinde milli öwüşgin, milli äheň öz beýanyny tapýanlygyndadyr. Dünýä ýüzüne öz döredijilik ýoly bilen türkmen milletiniň şöhratyna şöhrat goşmagy başaran Işanguly Işangulyýewiň bu sergide ýerleşdirilen eserleriniň aglaba bölegi halkymyzyň taryhyna salgylanýar.

Ol ýerde türkmen şalarynyň behişdi bedewlerimiziň üstünde oturan gaýduwsyz keşpleri, türkmen zenanynyň milli lybasly mähirli we mylakatly keşpleri, mundan başga-da halkara dost-doganlyk gatnaşyklaryny beýan edýän dürli mowzuklarda çekilen suratlar sergä gatnaşan raýatlarymyzyň kalbynda üýtgeşik duýgyny, buýsanjy döretmegi başardy. Onuň döreden eserleri eýýäm ençe ýyl bäri dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orundan peýdalanýar. Dabaranyň dowamynda Işanguly Işangulyýew sergi zalynda ýerleşdirilen eserleri dogrusynda ýüze çykan soraglara höwes bilen jogap berdi. Bu bolsa her bir gatnaşyjynyň kalbynda sungatyň bu ugruna bolan söýgüni we hormaty artdyrdy.

Döredijilik sergisiniň ahyrynda halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda döwletli işleri durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy arzuw edildi.

 

Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

 

Gresiýa daşary ýurtly syýahatçylar üçin açyldy

Gresiýa daşary ýurtly syýahatçylar üçin açyldy

Ýene-de okaň

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Iňlis ýazyjy Buker baýragyna mynasyp boldy

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň MEÝILNAMASY

Ýylyň şygaryna bagyşlanan ajaýyp konsert

Ata Watan Eserleri

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi geçiriler