SPORT

Zidan gitse ornuna kim geler?

«Markanyň» habaryna görä, Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ozalky futbolçysy Raul Gonsales täze möwsümde «Realyň» baş tälimçisi bolup biler.

Çeşmäniň ýazmagyna görä, Zineddin Zidan tomusda topardan aýrylmagy göz öňünde tutýarka, klubyň ýolbaşçylary fransuz hünärmeniniň ýerine toparyň başga bir ýyldyzy ― Raul Gonsalesi onuň ýerine getirmegi meýilleşdirýär. Florentino Peres, Raul bilen hemişe aragatnaşykda bolanlygy sebäpli, topara ýolbaşçylyk etmek üçin esasy dalaşgäre öwrüldi.

 Raul tälimçilige 2018-nji ýylda girişdi. 2019-njy ýyldan bäri bolsa «Realyň» farm-kluby diýilýän «Kastilýa» tälim berýär. 43 ýaşly hünärmen 2020-nji ýylda «Real Madrid» bilen UEFA-nyň Ýaşlar ligasynda ýeňiji boldy.

Ýatladyp geçsek, Zidan 2019-njy ýylyň martynda ikinji gezek «Realda» işläp başlapdy. Klub geçen möwsümde bu hünärmeniň ýolbaşçylygynda La Ligada ýeňiji boldy.

 

Türkiýede Raýatlaryň we talyplaryň konsulluk hasabyna alynmagy

 

 

 

Ýene-de okaň

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi

AFK Çempionlar ligasy-2: “Arkadag” we “Ahal” klublaryň duşuşyklarynyň seneleri