JEMGYÝET

Bir hatyň bahasy 400 müň dollar. Sebäbi…

Dünýä belli nemes fizigi Albert Eýnşteýniň iň meşhur işi bolan E=mc2 formulasyny öz içine alýan haty ABŞ-nyň 400 müň dollaryna satylýar.

Metbugat sahypalarynyň ýazmagyna görä, Albert Eýnşteýn bu haty 1946-njy ýylda gelip-çykyşy polşaly, ýöne şol wagt Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşan fizik Ludwik Silbersteýne ýazypdyr. Bu hat Eýnşteýniň käbir beýleki hatlary bilen bilelikde bäsleşikli söwdada satylar.

Ýeri gelende, Albert Eýnşteýniň fotoýagtylyk täsiri bilen bagly işi üçin 1921-nji ýylda fizika boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. 1879-njy ýylda Germaniýada doglan alym 76 ýaşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda aradan çykdy.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/hytay-hem-marsa-gondy/

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri