SIZDEN GELENLER

Bakja ekini bolan gawunyň ähmiýeti

Bakja ekinleriniň arasynda derde derman, özüniň örän süýji tagamy, ýakymly ysy bilen tapawutlanýan ekinleriň biri gawundyr. Ylmy maglumatlara görä ol, Aziýa we Afrika ýurtlaryndan gelip çykypdyr. Sort aýratynlyklary boýunça medeni gawunlaryň şu aşakdaky görnüşleri bardyr:

– Orta Aziýa gawunlary: tomus gawunlary, güýz we gyş gawunlary;

– Kiçi Aziýa gawunlary: kassabi sortlaryny özüne birleşdirýär.

– Ýewropa gawunlary: çalt ýetişýän gawunlarynyň sortlary bolup, miweleri tagamsyz, süýjüligi pes bolýar.

Topraga ekilen gawun çigitleriniň gögerip çykmagy üçin onuň dürli görnüşli sortlaryna baglylykda  +28+30 gradus ýylylyk zerurdyr. Onuň ýaşajyk öserleri howanyň doňmagy bilen sowuk urýar.

Türkmen gawunlarymyzyň ençeme sortlary bu ugur bilen iş salyşýan kärendeçiler tarapyndan häzirki wagta çenli saklanyp galynypdyr. Güneşli ülkämizde Waharman, Garry gyz, Ak gulaby, Sary gulaby, Gök gulaby, Gara gulaby, Sary gyz, Ak gaş we Gara gaş ýaly gawunyň birnäçe sortlary zähmetsöýer gawunçylarymyz tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär. Bu sortlaryň arasynda miweleriň bioligiki aýratynlyklary, harytlyk gymmaty, ýokary hasyllylygy, ir ýa giç bişip ýetişýänligi, uzak durýanlygy, daşamaga amatlylygy, has hem ilat üçin azyklyk ähmiýeti boýunça dürli-dürli görnüşleri bardyr.

Köpleriň islegini gazanan, jana derman gawunyň sortlarynyň biri kyrkgünlükdir. Onuň miwesi ýasy togalak, daşy maýda dilim-dilim, torly, tylla sary reňkli, ýakymly hoşboý yslydyr. Onuň agramy 0,6-1,2 kilograma deňdir.

Kyrkgünlügiň eti ak, ýuka, näzik, örän ýumşak, şabram şireli, aram süýji düzümindäki gandyň mukdary 10-12 %-e ýetýär. Paçagy ýuka hem ýumşak bolýar. Onuň bir düýbünde 4-6 sany miwesi bolýar. Ýokary derejede ideg ileri geçirilende gektardan alynýan hasyllylyk ýokarlanýar. Bu tagamly ekiniň ekiş möhleti mart aýynyň 20-den aprel aýynyň 10-y aralygydyr. Ol ortaça 40-45 günde bişip ýetişýär.

Bakjaçylykda giň gerim bilen ösdürilip ýetişdirilýän we uly meşhurlyga eýe bolan gawunyň sortlarynyň biri-de waharman gawunydyr. Onuň “Waharman 499” sorty dünýä meşhurdyr.

Waharman 80-90 günde bişip ýetişýär. Bir düýp gawunda 3-5 sany miwe bolýar. Onuň hasyllylygy 25-30 s/ga ýetýär. 3-6 kilogram bolan waharmanyň miwesi süýri, reňki açyk sary, gök keşdeli, owadan torludyr. Onuň eti ter, hoşboý ysly, dykyzlygynyň ýokary bolanlygy sebäpli darka ýarylýar. Süýjüligi örän ýokary bolup, 18 %-e ýetýär. Onuň tagamynyň hili 5 bala deň diýlip hasap edilýär.

Waharman kak etmek üçin amatlydyr. Onuň asly mekany Tejen we Mary diýlip hasaplanylýar. Gawunyň bu sortunyň ekiş möhleti aprel aýynyň 10-20-si aralygydyr.

Gawun miweleri esasan terligine iýilýär. Şeýle hem ondan kak ýasalýar. Ony gaýtadan işlenilip gawun şerbeti, gawun baly we sök taýýarlanylýar. Gawun şerbetinden dürli içgileri almak bolýar.

Tagamy süýji gawunyň düzüminde 14-18% şeker bardyr. Onda     35-40% askorbin kislotasy, şeýle hem karotin bolýar. Şonuň ýaly-da, onuň düzüminde adam bedeni üçin peýdaly kaliý, kalsiý, natriý, magniý, demir, fosfor, kükürt, organiki kislotalar we beýleki elementler bar.

Gawunyň çigidinde 23-35% ýag bolýar.

Gawunyň düzümindäki foli kislotasy az ganlylar üçin peýdalydyr. Ol tuberkulýoz, bronhit, ýürek, bagyr, guragyry kesellerini bejermek üçin peýdalanylýar.

 

ŞADYÝEWA ZÜLEÝHA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy

 

Şypahanalarda saglygyny dikeltmegiň tertibi

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti