Gadymy Müsürde (biziň eýýamymyzdan öňki 3‒4‑nji müň ýyllyklarda) adamlar sygyr süýdünden ýag almagy başarypdyrlar. Assiriýada, biziň eýýamymyzdan öňki XIX–XIV asyrlarda üwelen çigidi gyzgyn suw bilen çaýkap ýag alypdyrlar. Köp ýurtlaryň halklary ýaglary asyrlaryň dowamynda diňe iýmit serişdesi däl‑de, şem hem‑de derman we kosmetik serişde hökmünde ulanyp gelipdirler. Ortaýer deňziniň töweregindäki ýurtlaryň ýaşaýjylary ýaglaryň esasy çeşmesi hökmünde zeýtun agajyny, Demirgazyk Ýewropa ýurtlarynyň ýaşaýjylary bolsa zygyry we süýdi ulanypdyrlar.
Häzirki wagtda azyk bolçulygyny üpjün etmek, sarp ediş bazarlaryny ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli we ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek, Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş‑durmuş şertlerini gowulandyrmaga we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup hyzmat edýär. Türkmenistanda öndürilýän önümler sarp edijilerde ýokary hilli we ekologiki taýdan arassa diýen düşün jeler bilen berk sazlaşdyrylýar. Bu bolsa täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagynyň hasabyna gazanylýan üstünliklerdir. Ösümlik ýaglary, degişli ösümlikleriň atlaryy bilen atlandyrylýar. Meselem, pagta ýagy, günebakar ýagy, zeýtun ýagy, mekgejöwen ýagy we başgalar. Ösümlik ýagy fosfotidlere (adamyň endamyndaky holesteriniň mukdaryny sazlaýjy we beloklaryň ýygnanmagyna ýardam ediji maddalara meselem, lesitine), sterinlere (içegede holesteriniň ýaýramagyny togta dyjy maddalara) we E witaminler toparyna (tokoferollara) baýdyr. Ýag öndürmegiň tehnologiýasy dogry we doly berjaý edilende pagta çigidinden 19–20%‑e çenli ösümlik ýagyny öndürmek bolýar. Ýag kärhanalarynda ösümlik ýagyndan başga, margarin, mallar üçin örän ýokumly iým bolan sarun (künjara), şeýle‑de çi git gabygyndan mal üçin ýokumly iým bolan harpyk (şulha) ýaly iýmler hem taýýarlanylýar. Ýurdumyzda ösümlik ýagyny öndürmek bilen meşgullanýan bölüm Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň iň iri bölümleriniň biridir.
Arheologik barlaglar netijesinde pagtanyň gelip çykan ýurdy Hindistan diýlip hasaplanylýar. Hindistanyň Mohenajo‑Daro şäherçesinde gazuw‑agtaryş işleri geçirilende pagtadan öndürilen matanyň bölegi tapylypdyr. Bu mata böleginiň biziň eýýamymyzdan 3000 ýyl öň öndürilendigi anyklanyldy. Orta Aziýada bolsa pagta biziň eýýamymyzdan öň VII–IV asyrlarda ekilip başlanypdyr. Pagta mamaçörekler maşgalasyna degişli bolup, ol bir ýyllyk ösümlikdir. Pagtanyň pamygy çigidi bilen 33%, ýapragy – 22%, baldagy –24%, hanasy – 12% we köki 9%‑dir. Pagta pamygynyň bir tonnasyndan 340 – 350 kg süýüm, 620 kg çigit, çigitden 110 kg delint we 175 kg şulha alynýar. Ýaglar himiki düzümi boýunça üç atomly spirt hasaplanylýan, gliserin bilen ýokary molekulaly her hili kislotalaryň, meselem ׃ stearin, palmitin, olein, linol we linolen kislotalarynyň çylşyrymly efiridir. Ösümlik ýaglary gaty we suwuk halynda bolýarlar. Gaty ýaglaryň düzümi, esasan, doýan kislotalaryň, ýagny stearin we palmitin kislotasynyň efirlerinden (gliseridinden) durup, suwuk ýaglar bolsa, esasan doýmadyk kislotalaryň, ýagny olein, linol we linolen kislotalarynyň efirinden (gliseridinden) durýar. Mysal üçin, 307‑nji belgili TDS boýunça pagta ýagynyň şu aşakdaky ýaly düzümi bardyr: 41,7 – 44,8% linolen kislotasy, 30,5 – 35,2% olein kislotasy, takmynan, 24,5% doýan kislotalar bolup, şolardan 22% palmitin kislotasy bolýar. Pagta ýagynda ýag kislotalary, käwagtlar ýokary molekulaly spirtler, uglewodlar, pigmentler we başgalar bolmagy mümkin. Her hili ýaglaryň düzümini, ýaglarda erkin halda kislotalaryň
bolmagy we ýagy emele getirýän çylşyrymly efirleriň düzümindäki kislotalaryň doýmadyklygyny (predel däldigini) häsiýetlendirmek üçin derejeli himiki hemişelik ululyk bilen kesgitlenilýär. Olardan kislota sany, sabynlaşmak, efir sany, ýod sany ýaly ululyklar hasaplanylýar.
Ýaglar iki hilde: ösümlik we haýwan ýaglary görnüşinde bolýar.Ýaglaryň şu iki toparyň haýsysyna degişlidigi olaryň düzüminde holesteriniň ýa‑da fitosteriniň bolmagy bilen kesgitlenilýär, ýagny düzüminde holesterin bolan ýaglar haýwan ýaglaryna, düzüminde fitosterin bolan ýaglar bolsa ösümlik ýaglaryna degişlidirler.
SERDAROW ARÇMAN,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersittiniň Oba hojalygynyň
ykdyadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň dekany
Diplom ykrar etmek boýunça talaplara kimlere degişli däldir?