PEÝDALY MASLAHAT

Ýaşaýyş jaýyny kireýine almak-bermek şertnamasynyň üýtgedilmegi barada maglumat

Ýaşaýyş jaýyny kireýine almak-bermek şertnamasy üýtgedilip bilnermi?

Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenişine görä, 2013-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girizilen Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 92-nji maddasynyň ikinji, dördünji we altynjy böleklerine laýyklykda, bir ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan we ýaşaýyş jaýlaryndan aýratyn kireýine almak-bermek şertnamalary boýunça peýdalanýan adamlar bir maşgala birleşen halatynda kireýine berijiden özleriniň eýeleýän ähli ýaşaýyş jaýy babatda kireýine almak-bermek şertnamasynyň olaryň biri bilen baglaşylmagyny talap etmäge haklydyrlar.

Kireýine alyjy aradan çykan, ýaşaýyş jaýyndan giden halatynda ýaşaýyş jaýyny kireýine almak-bermek şertnamasy bu ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan onuň kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň biri bilen baglaşylýar.

Kireýine alyjynyň üýtgemegi ýaşaýyş jaýyny kireýine almak-bermek şertnamasynyň gaýtadan resmileşdirilmegine eltýär.

 

 

Işde galmak üçin artykmaç hukuklar barada maglumat

 

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik