BIZNES

Ýewropa Birleşigi: Telekeçiler üçin eksport mümkinçilikleri

Kiçi we orta kärhanalaryň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda “Ready4 Trade- Merkezi Aziýa” maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilýeti tarapyndan habar berilmegine görä, Taslamanyň çäginde  Halkara Söwda Merkeziniň eksporty gurnamak boýunça milli hünärmenleri iş ýerinde eksport tälimçiligi boýunça birnäçe sessiýalar geçirilýär.

Habarda bellenişine görä, 40-a golaý türkmen kompaniýasy eksporty  gurnamak boýunça harydy gaplamak we bellik etmek, logistika, sertifikatlaşdyrmak we halkara standartlar ýaly soraglarda öz habarlylygyny artdyryp bilerler. Taslama Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär we 2021-nji ýylyň dowamynda amala aşyrylar.

Ýewropa Birleşigi Türkmen telekeçilerini gutlaýar

Related posts

Türkmenistan Abu-Dabide söwda we maýa goýum forumyny gurnar

Türkmenistan bilen Singapur söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirer

2025-nji ýyla çenli awtomatizasiýanyň netijeliligi