JEMGYÝET

Aşgabadyň notarial edarasy üçin onlaýn nobat hyzmaty

Türkmenistanda ähli pudaklarda sanlylaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, köp sanly hyzmatlar onlaýn tertibinde amala aşyrylýar. Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin onlaýn nobat hyzmaty ýola goýuldy. Munuň üçin Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň “Notarial Online Nobat” goşundysy işe girizildi.

“orient.tm” internet neşiriniň habaryna görä, “Notarial Online Nobat” goşundysyny “Google Play”-den smartfonyňyza ýükläp alyp bilersiňiz. Şol ýerden hem öýüňizden çykman, zerur bolan bölüme nobata durup bilersiňiz. Adyňyzy we familiýaňyzy hem-de mobil telefon belgiňizi girip, nobata durmak bolar.

Nobata durandan soňra siziň telefon belgiňize SMS-habarnamasy arkaly nobat belgisi geler, “QR” kod bilen nobata duran bölümiňize baryp bilersiňiz.

Bu hyzmat arkaly öz nobatyňyzy onlaýn yzarlap bilersiňiz, şeýle hem nobatyňyzyň golaýlaýandygyny habar berýän awtomatiki SMS-habarnama hyzmaty hem bar.

Bu goşunda häzirki wagtda diňe türkmen dilinde elýeterlidir. Şol goşundyda «Nobat al», «Häzirki nobaty bil» we «Meniň nobatlarym» bölümleri bar.

 

“Mançester Siti” – Liganyň kubogyny gazandy

 

 

 

Ýene-de okaň

Malaýziýa «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegine gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär

«Gadamly» gury ýük gämisi Azerbaýjanda dabaraly garşylandy

Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmen işewürleri britan bazaryna çykmagy maksat edinýär

Ata Watan Eserleri