DÜNÝÄ

Ukrainanyň täze ilçisi wezipesine girişdi

Hormatly Prezidentimiz Ukrainanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýkony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen kärdeşine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmäge, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan Ukraina üçin hemişe strategik hyzmatdaş, ygtybarly we ynamly dost bolup geldi. Ukrain halky Türkmenistanyň Baştutanynyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär we olary hemmetaraplaýyn goldaýar.

Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny ýollap, Ukraina bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Şol hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň hem-de abraýly düzümleriň çäklerinde üstünlikli guralýar.

Hormatly Prezidentimiz ilçini Ukrainanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi bilen gutlap, oňa türkmen-ukrain gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen asylly hem-de jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik nukdaýnazaryndan uzak möhletli esasda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça düýpli pikir alşyldy.

Diplomat şu ýylyň şanly senesi — döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň öz ýubileýini güýçli, kuwwatly, ykdysady taýdan ösen, syýasy taýdan durnukly ýurt hökmünde garşylaýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz we ilçi netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşy, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bar bolan özara gyzyklanma diňe iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň biri-birine bähbitliligi bilen däl-de, eýsem, iki dostlukly halkyň öňden gelýän taryhy we medeni-ruhy gatnaşyklary bilen şertlendirilendir.

Öz wagtynda Türkmenistanda köp ýyllar işlän ilçi ýurdumyzda bolup geçen özgerişliklere ýokary baha berip, bu günki gün Aşgabadyň abadançylygy hem-de soňky ýyllarda kemala gelen täsin binagärlik toplumlary bilen haýran galdyrýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Ukrainanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko milli Liderimizi iki dostlukly halkyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Ukrainanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko 2006-2010-njy ýyllarda hem ýurdumyzda ilçi wezipesinde işläpdi.

 

Aşgabatda Ýuriý Gagariniň heýkeli oturdylar

 

 

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär