Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky bankyň maliýe hasabatlylygyna we hasaba alnyşyna maliýe hasabatlarynyň halkara standartlaryna laýyklykda MHHS (IFRS) 9 «Maliýe gurallary» standartyny girizmek boýunça açyk görnüşli BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.
Bäsleşige gatnaşmaga degişli ygtyýarnamasy bolan, dünýäniňösen ýurtlarynda hasaba alnan öňdebaryjy we tejribeli auditor — konsalting kompaniýalary çagyrylýar.
Bäsleşigiň resminamalaryny şu salgydan alyp bilersiňiz: 744000, Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 143-nji jaýy. Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň edara binasy.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler öz bäsleşik tekliplerini ýapyk bukjada 2021-nji ýylyň 23-nji apreline, sagat 12:00-a çenli tabşyrmaly.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 21-04-47; 21-04-63; 21-04-43 (faks).