SIZDEN GELENLER

  Gülälek

Gülälek – bu  ýiti  gyzyl  reňkli  gül  bolup, ol  ýurdumyzyň  dürli  künjeklerinde ýabany  we  medeni  görnüşde  duş  gelýär. Bu  ösümlik  dermanlyk  we  bezeg  serişdesi  hökmünde  halk  arasynda  irki  wagtlardan  bäri  peýdalanyp  gelinýär. Gülälegiň  ýabany  görnüşi  esasan  açyk  meýdanly  ýerlerde, daglyklarda, düzlüklerde, çöl  ýerlerde gabat  gelýär. Aprel-maý  aýlary  ýurdumyzyň  oba  ýerlerinde we  şäherleriň  köçeleriniň  gyralarynda  gülälegiň  medeni   görnüşi  ösdürilýär.

Hormatly  Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk  ösümlikleri ” diýen  kitabynda  hem   bu  ösümligiň häsiýeti, ýaşaýyş   aýratynlygy, himiki  düzümi,  peýdalanylyşy, dermanlyk  hökmünde  ulanylyşy  barada  ylmy  esasda   maglumat   berilýär.

Ýagny, bu  ösümlik  gülälekler  maşgalasyna  degişli  bolup, ol  çägesöw  we  toýunsow-çägeli  topraklarda  ösýär. Onuň  uzynlygy  25sm-e  deňdir. Gül  ýapraklary  4 bölekden  ybarat  bolup, onuň  esasy   gara  tegmillerden, baldagy  dik  ösen  tüýlüje  baldajyk  görnüşinde  bolýar. Bu  ösümlik  tohum  arkaly  köpelýär. Aprel  aýy  gowy  gülläp, maý  aýynyň  aýaklarynda  tohumlaýar  we  topraga  tohumyny   gaçyrýar. Bu  gül  ýaz  paslynyň  bezegi, tebigatyň  iň  bir  ajaýyp  gözellikleriniň  biridir. Çünki,  bu ösümlik  adamyň  şähdini açýan  ynsan  saglygyna  peýdaly  dermanlyk  serişdesidir.

Gülälek- nähili  owadan  at ? Bu  näme  diýmek?  Hakykatdan  hem , bu  gülüň  ady.  Ýöne  ol biziň   çöllerimizi,  daglarymyzy,  baglarymyzy  bezeýän  iň  bir  näzik, owadan  ösümlik. Bu  gül  barada  aýdara zat  örän  köp. Meniň   size   gül  barada  bolan  bir  wakany  gürrüň   beresim   gelýär.Men  çagakam  garry  enem  maýdajyk  dänejikleri   bir  düwünçekden  çykaryp, balam: “ Şu gül  tohumlaryny ekeli. Basym  bahar pasly  geler. Öýümiziň  daş-töweregi  edil  Gyzylgum çölümiziň   gyzyl  hala bürenişi  ýaly  biziň  hem  öýümiz gyzyl  gülälekler  bilen  bezeler ” diýdi. Men  gaty  geň  galdym. Öňki  ýylyň  baharynda garry  enem  bilen  kakam  meni  obamyzyň   gapdalyndaky  Gyzylgum  çölüne  gezelenje  alyp  gitdi. Lūpų didinimas ir putlinimas hialurono rūgštimi, PRP, papilomų šalinimas Vilnius https://oblakasalon.lt/nauju-odos-dariniu-salinimas/ Şonda  garry  enem:

-“Bu çöl  biziň  baýlygymyz, munda adam  üçin  gerekli  dermanlyk  ösümlikler  ösýär. Bu  Watanymyzyň  ajaýyp  gözelliklerini  tebigatyny  gözümiziň  göreji  ýaly gorap saklamalydyrys.Bu  meýdandaky  gyzyl  gülälekler “Pygamberiň  gülüdir”. Biz  muňa  öňden  bäri “Pygamberiň güli”  diýip  atlandyrýarys” diýip  garry  enem  gülälekleriň  tohumlaryny  ýygnap  aldy. Bir   ýyldan  soň  bahar  pasly  gelende  garry  enem  bu  tohumlary  öýümiziň  gül  ekilýän  ýerlerine  sepip  çykdy. Aprel  aýynda  bu  gül  ýaşylja  ýapraklaryny  ýazyp  ýeriň  ýüzüne  gür  bolup  çykdy. Öýümiziň  gyrasyna  uzyn  gyzyl  haly ýaly  bolup, hoşboý  ysy  we   owadanlygy bilen   töweregi  bezedi. Gülälekler  adamlaryň  ünsüni   özüne   çekdi. Öýümiziň  töweregi  edil  çekilen  peýzaž ýaly  boldy.

Meniň  tebigata  bolan  söýgim  çäksiz. Biz  ýaşlar  “Bezeg  agaçlaryny, gülleriň  dürli  görnüşlerini  ösdürip  tebigatyň  gözelligine  öz  goşandymyzy  goşmalydyrys”! Tebigaty  gorap  saklamak  biziň  her  birimiziň  borjumyzdyr!

                                               Akjemal   Resulowa,

                                       Seýitanazar  Seýdi  adyndaky  TDMI-niň 

                                      Ynsanperwer-durmuş  bilimler  fakultetiniň      

                                      IV  talyby.  

                                             

 

Terjime etmek funksiýasyny kämilleşdirdi

 

 

 

Ýene-de okaň

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi