MEDENIÝET

Iň gadymy, iň uly, iň girdejili…

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Smitson instituty Ýer ýüzündäki iň uly muzeý, okuw we ylmy merkezdir. Institut 1876-njy ýylda esaslandyrylypdyr.

Bu institut, sözüň doly manysynda medeni we ylmy hazynadyr. Ondaky muzeýleriň sany 19-a ýetýär. Muzeýlerden başga-da, bu toplumda 21 sany kitaphana we 9 sany ylmy merkez bar.

Şu hemmesimi? Ýok, heniz hemmesi däl. Toplumyň özüne degişli haýwanat bagynyň hem bardygyny aýtmak gerek.

Institutyň muzeýlerinde jemi 155 million ýakyn gymmatlyk saklanylýar. Şolaryň 2 milliondan gowragy bolsa sungat we senet eserleridir.

Bu ýerdäki gymmatlyklary synlamak üçin her ýyl 30 million çemesi adam gelýär. Bu bolsa muzeýe ýyllyk 1,2 milliard dollar möçberinde girdeji getirýär.

 

Eýranyň daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa sapary

 

 

Ýene-de okaň

Iýun aýy: Azerbaýjanyň medeniýet günleri we beýleki halkara günler

Türkmen halysynyň baýramy giňden bellener

Türkmenistan Ermenistanda 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy

Arkadag şäherinde goşa baýrama bagyşlanan dabaralar

«Hary bülbül» atly halkara festiwalynda milli sungatymyz dabaralandy

Bolgariýa ilkinji gezek «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy