DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministleriniň duşuşygy geçirildi. Bu barada Ermenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Ermenistanyň daşary işler ministri Ara Aýwazýan bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň arasyndaky duşuşykda ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwletara gatnaşyklarynyň has-da berkidilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Bu babatda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleriň geçirmegiň ähmiýetlidigi bellenilip geçildi.

Söwda we ykdysady, ylym we tehnika, medeni we ynsnaperwer ugurlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi. Taraplar halkara guramalaryň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler GDA-nyň gün tertibindäki birnäçe meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşykda halkara we sebit gün tertibindäki birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy