SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus sebäpli Ýewropa serhetlerinde gözegçilik güýçlendirilýär

Ýewropa ýurtlarynda koronawirus pandemiýasynyň täzeden möwç almagy netijesinde, serhetlerde gözegçilik güýçlendirildi. Bu ugurda giriş-çykyşlar düzgünleri we talaplary berkidilýär.

Ispaniýadan Fransiýa awtoulagly barmak üçin koronawirus ýokanjynyň ýokdugyny baradaky lukmançylyk barlag hatyny görkezmek gerek. Ispaniýanyň raýatlaryna zerur bolmadyk halatynda ýurduň çäginde syýahat etmek babatdaky wagtlaýyn çäklendirme 30-njy aprele çenli uzadyldy.

Germaniýanyň hökümeit hem Fransiýa, Polşa we Daniýa ýaly ýurtlar bilen serhetlerindäki gözegçiligi güýçlendirdi. Germaniýanyň içeri işler ministri Horst Zeehofer Çehiýada ýagdaýynyň durnukly däldigini, koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly wakalaryň hususan-da Germaniýa bilen serhetleşýän etraplarda köpdügine ünsi çekdi. Şonuň üçin bu ýurt bilen serhetlerdäki gözegçilik ýene-de 14 gün güýçlendirildi.

Ýewropa ýurtlaryndan Italiýa gelýänler koronawirus ýokanjynyň ýokdugyny baradaky lukmançylyk barlag hatyny görkezmeli, 5 günlük karantinde bolup, täzeden lukmançylyk barlagyndan geçmeli bolýar. Iki hepdelik karantin düzgüni Ýewropa Bileleşigi we Şengen zolagyna degişli bolmadyk ýurtlardan Italiýa gelýän daşary ýurtly raýatlar üçin zerur bolup durýar. Ýurduň içinde ýaşaýanlar üçin hereket edişi ýaly, ýurtda syýahatçylyk resmi taýdan çäklendirilendir.

 

Sanjymyň ady üýtgedildi

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanly raýatyň çagasy Minskde 2026-njy ýylyň ilkinji täze doglan çagasy boldy

Beýik Britaniýa zyýanly iýmitleriň mahabatyny gadagan etdi

Täze ýylyň ilkinji çagalary: Merkezi Aziýa ýurtlarynda çaga dogluşynyň ösüşi

Özbegistanda Täze ýylyň ilkinji gününde 1815 çaga dünýä indi

Türkiýe hytaýly syýahatçylar üçin wizany ýatyrdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna gatnawlaryň sanyny artdyrýar