SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Özbegistanda köpçülikleýin sanjyma girişiler

Özbegistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma 1-nji aprelde başlamak göz öňünde tutulýar. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji martynda Özbegistan BSGG-niň “COVAX” maksatnamasynyň çäklerinde 660 müň doza möçberinde “AstraZeneca” sanjymynyň ilkinji tapgyryny aldy.

Ýurduň Arassaçylyk we epidemiologiki abadançylygy we jemgyýetçilik saglygy gullugy sanjymy mugt aljak raýatlaryň kategoriýalarynyň sanawyny mälim edipdi. Umuman, ýurtda ilkinji tapgyrda 4,1 milliondan gowrak adamyň sanjym edilmegi meýilleşdirilýär. Sanjym etmek işi meýletin alnyp barlar. Kesgitlenen tertipde: 65-74 ýaş, 75-84 ýaş, 85 we şondna uly ýaş aralygynda raýatlar, lukmanlar, dowamly keseli bolan raýatlar, mekdep mugallymlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri.

Koronawirusdan sanjym edilen raýatlara ýörite şahadatnamalary bermek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem, 1-nji aprelden Özbegistanda Koronawirusa garşy göreşmek boýunça respublikan komissiýanyň karary bilen toý we medeni-köpçülikleýin çäreler babatda birnäçe çäklendirmeler giriziler. Toýlarda, maşgala dabaralarynda we çärelerde gatnaşyjy adamlaryň sany 100 adamdan köp bolmaly däldir.

Teatr, kino  we konsert çäreleri gurnalanda, zallaryň sygymy göz öňünde tutulyp, tomaşaçylaryň sanynyň 50% -inden geçmeli däl. Şeýle hem bu ýerlerde karantin çäreleri berk berjaý edilmelidir we tomaşaçylar hökmany agyz-burun örtügini dakynmalydyr.

 

Russiýa 6 döwlet bilen uçar gatnawlaryny ýola goýýar

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar