SPORT

Oliç SSKA toparynyň täze tälimçisi bolar

Horwatiýaly tälimçi Iwisa Oliç täzeden Russiýanyň SSKA toparyna gaýdyp gelýär. Ýöne ol bu gezek futbolçy däl-de, eýsem tälimçilik eder. Rus metbugatyň habaryna görä, Oliç SSKA-nyň täze tälimçisi bolar.

Toparyň ozalky belarusly tälimçisi Wiktor Gonçarenko bilen SSKA toparynyň arasyndaky şertnama taraplaryň özara ylalaşygy esasynda ýatyryldy.

SSKA topary Russiýanyň milli futbol çempionatynda 5-nji orunda barýar. 23 duşuşykda 40 utuk toplady.

Toparyň täze tälimçisi boljak Iwisa Oliç 2017-nji ýyldan bäri Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisiniň kömekçisi wezipesini amala aşyrýardy. Ol 2003-2006-njy ýyllar aralygynda SSKA toparynyň düzüminde çykyş etdi. Şol döwürde toparyň düzüminde 3 gezek Russiýanyň çempiony, 2 gezek Russiýanyň Kubogyny, 2 gezek Russiýanyň Superkubogyny we 2005-nji ýylda UEFA-nyň kubogyny gazandy.

Putin hem sanjym bolar

 

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary sekiz ýyllyk rekordy täzeledi

55 ýyldan soňra gazanylan ýeňiş

«Ahal» Ýokary ligada 700-nji duşuşygyny geçirdi

Ronaldonyň jemgyýetçilik torlaryndaky rekordy

Ata Watan Eserleri

Poçettino ABŞ-nyň milli ýygyndysyna tälim berer

Türkmen türgeni Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda altyn medal gazandy