JEMGYÝET

Milli bahar baýramy uly dabaralara beslendi

Ýurdumyzda Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlikde bellenip geçilýär. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşdy.

Paýtagtymyzda esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda guraldy. Garagum derýasynyň kenarynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary bilen utgaşdyryldy. Hatara düzülen ak öýleriň golaýynda toý gazanlary ataryldy. Haly düşelen sekilerde türkmen durmuşyna mahsus görnüşler emele geldi. Şeýle hem ýörite gurnalan ýerlerde senetkärleriň elinden çykan ajaýyp gap-gaçlar, gündogar bazarlaryna mahsus görnüşler baýramçylyk dabarasyny has-da belende göterdi.

Baýramçylyk dabarasyndan fotosuratlar:

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan metjit bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri täjik parlamentiniň aşaky palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzda möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy