Suw ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanylýar. Munuň şeýle diýilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki, suwuň ýok ýerinde ýaşaýyş hem ýok. Türkmen halkymyz hem suwa uly sarpa goýýan halkdyr. Suw ýedi hazynanyň biri hasaplanylýar. Ata-babalarymyz suwuň her bir damjasyny altyna deňäp: “Suw damjasy-altyn dänesi” diýipdirler. Şeýle diýmek bilen olar suwuň adam ýaşaýşy üçin ähmiýetiniň ýokarydygyna göz ýetiripdirler. Halkymyzyň arasynda suw bilen bagly “suw hasylyň enesidir”, “Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp – il”, “Suwly ýer gül, suwsuz ýer çöl”, “Ýer – hazyna, suw – göwher” ýaly nakyllardyr atalar sözleri hem ulanylýar.
Häzirki döwürde suw bilen bagly meseleler bütin dünýäde işjeň ýagdaýda öňe çykýar. Ilatyň köpelmegi, oba hojalygyna we senagata bolan islegiň artmagy we howanyň üýtgemeginiň täsirleriniň güýçlenmegi sebäpli wajyplygyna galýar we şeýle meseleleriň çözülmekligi üçin uly aladalar edilýär. Her ýylyň 22-nji martynda Bütindünýä suw serişdeleriniň gününiň bellenilmegi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Bütindünýä suw serişdeleriniň güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1993-nji ýylda yglan edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen döwletler bu gün suw baýlyklaryny gorap saklamaga we ösdürmäge bagyşlanan çäreleri, konferensiýalary, tegelek stollary, seminarlary we sergileri geçirmäge çagyrylýar. Şeýle halkara gününiň yglan edilmeginiň düýp maksady suw ýetmezçiliginiň öňüni almak we süýji suw çeşmeleriniň ähmiýetini görkezmekden ybaratdyr. Bütindünýä suw serişdeleriniň güni, şeýle hem, BMG-ň durnukly ösüş maksatlarynyň 6-njy maksady bolan “Arassa suw we arassaçylyk” atly maksadynyň durmuşa geçirilmegine hem ýardam berýär. 2003-nji ýylda BMG-ň Baş Assambleýanyň karary bilen 2005-2015-nji ýyllary, 2005-nji ýylyň martyndan başlap “Durmuş üçin suw” hereketiniň halkara onýyllygy diýip yglan edildi.
Suwy paýhasly ulanmak suw joşmalaryna, gurakçylyga garşy göreşmäge, köp adam üçin suwuň elýeterliligini ýokarlandyrmaga, suwuň hapalanmagyny azaltmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge kömek eder. Şonuň üçin biziň her birimiz suwy tygşytly ulanmak arkaly onuň bilen bagly meseleleriň çözülmegine öz goşandymyzy goşmalydyrys!
Leýli ANNABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.