Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi ýurdumyzda parahatçylykly daşary syýasaty alyp barmakda, onuň sebitdäki, bütin dünýädäki ýurtlar bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde giň mümkinçiliklere ýol açýar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan döwletimiziň halkara gatnaşyklaryny işjeň giňeltmek, ösdürmek, onuň halkara abraýyny, bütindünýä ahmiýetli ornuny has-da belende götermek üçin paýhasly, öňdengörüjilikli syýasaty alyp barýar.
Bitaraplyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Bitaraplyk ýyllarynda Ata-Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe toý-baýramlara beslenýän ajaýyp Diýarymyz Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasyndaky günler ýatdan çykmajak uly tutuma beslenen taryhy wakalar bilen gurşaldy. Toý-baýramlar her bir ynsanyň ýürek buýsanjyny goşalandyrýan bolsa, ýurdumyzda amala aşyrýan tutumly işler il-günümizi ýagty ertire alypbarýar.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak wezipelerini öňe sürýär. Öňde goýlan bu wezipeler maglumat-aragatnaşyk, şol sanda Internet hyzmatlarynyň hiliniň we ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagyny, maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň ösdürilmegini, adamyň aň-bilim mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagyny talap edýär.
2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
Ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýän bu konsepsiýa uly depginler bilen ösýär.
Sanly ykdysadyýet – sanly tehnologiýalary ulanmagyň esasynda ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, ol sanly telekommunikasiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýan ykdysadyýetdir.
Sanly ykdysadyýet düşünjesi “elektron ykdysadyýet”, “internet-ykdysadyýet” ýa-da “web-ykdysadyýet” adalgalary bilen baglanyşyklylykda ulanylýar.
Internetiň we mobil kommunikasiýanyň ösmegi sanly ykdysadyýetiň esas tehnologiýalary bolup hyzmat edýär. Netijede bu tehnologiýanyň ösüşi ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna täsir etdi. Olara saglygy goraýyş, bilim, maliýe hyzmatlary, transport we beýlekiler degişli.
Sanly ykdysadyýet – ykdysadyýetiň görnüşi bolup, hemme gatnaşyjylarynyň, umumy we şahsy maglumatlarynyň ulanmagyň esasynda, talaplaryny maksimal derejede kanagatlandyrmak bilen häsiýetlendirilýär.
Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge, şahsyýetleşdirilen önümçilik we sarp ediş bazarlarynyň ösdürilmegine, ykdysady işiň subýektleriniň umumy netijeliliginiň ýokarlanmagyna, maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde söwda, maliýe, bank ulgamlaryna we döwlet dolandyryşyna ilkinji orun degişli bolup, olar çalt uýgunlaşýarlar we aýdyň netije berýärler.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny esasan iki maksada gönükdirilýär.
Birinjisi – täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginden, şol sanda önümçilik serişdeleriniň hasabatlylygynyň ygtybarlylygyny we senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalaryň hukuk goraglylygyny üpjün etmekden ybarat.
Ikinjisi bolsa, önümçiligi sanly ýörelgesine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde esasan maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamy (Internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk), elektron işewürligi (hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak) we elektron söwda (harytlaryň, hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenilmegi) ýaly ugurlar boýunça işler alnyp barylýar. Şu günki günde dünýäniň halklarynyň aglaba bölegi Internet ulgamyndan peýdalanýarlar, bu bolsa sanly ykdysadyýetiň geljekki birnäçe ýylyň dowamynda işjeň ösdürilmegini şertlendirýär.
Sanly ykdysadyýet dürli maglumat ulgamlarynda toplanylýan we işlenilýän uly göwrümli maglumatlaryň netijeli ulanylmagyny göz öňünde tutýar we şol maglumatlaryň esasynda oňyn çözgütleri kabul etmäge şert döredýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda sanlyykdysadyýete geçmek döwletimiziň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryň hem-de möhüm wezipeleriň biri. Ykdysadyýetde, şeýle hem halk hojalygyň beýleki pudaklarynda sanly usullaryň girizilmegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň hem-de döwlet tarapyndan amal edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrmagyň binýady bolup durýar. Sanly ykdysadyýet milli kanunçylygyň ösmegine we onuň kämilleşdirilmegine, hukuk namalaryň hem-de resmi kagyzlaryň sanyny azaltmagyna, işewürlere, raýatlara döwlet hyzmatlaryndan ýeňil we elýeter peýdalanylmaga ýardam berer.
Sanly ykdysadyýetde ulanylýan tehnologiýalar
Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde söwda, maliýe, bank ulgamlaryna we döwlet dolandyryşyna ilkinji orun degişli bolup, olar çalt uýgunlaşýarlar we aýdyň netije berýärler, sanly ykdysadyýetiň ösmegi dürli sektorlarda – senagat kompaniýalarynda, hyzmatlar gurşawynda, çalt ýaýradylmagyny we ornaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy uly dabara bilen toýlanýan häzirki buýsançly pursatlarda has-da ruhymyzy göterýär. Şu şatlykly günlerde milli Liderimiziň “Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlardaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda milli ylmymyzyň ösüş derejesine baglydyr.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde Konsepsiýanyň maksatlary şulardan ybarat:
1) ählumumy sanly giňişligiň emele gelýän şertlerinde ýurduň tehnologiýa babatynda öňdebaryjylygyny üpjün etmekden;
2) sanly ykdysadyýetiň ykdysady taýdan ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän ykdysady serişdeleriň täze netijeli düzümini emele getirmekden;
3) ählumumy sanly giňişligiň emele gelýän we ösýän şertlerinde sanly ykdysadyýetiň gazananlaryny nazara almak bilen, önümçilik pudaklarynyň, söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň işini täzeçe guramagyň netijeli ugurlaryny emele getirmekden;
4) bar bolan we täze döredilýän ykdysady serişdeleri (aktiwleri) dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmakdan;
5) sanly gurşawa ynam hem-de amatly guramaçylyk we kadalaşdyryjy-hukuk şertlerini döretmek arkaly milli işewürlik bileleşiklerini, şol sanda hususy bölegi we raýatlary sanly ykdysadyýeti emele getirmäge işjeň çekmek üçin şertleri döretmekden;
6) durmuş hyzmatlarynyň düzümini we hilini kämilleşdirmekden, şeýle hem telekeçilik we zähmet şertleri babatynda täze mümkinçilikleri döretmek bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan;
7) sanly ykdysadyýetiň milli gurşawynyň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmekden;
8) ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiň ählumumy ekoulgamyny we sanly giňişligini döretmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden;
9) döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan;
10) ýokary tehnologiki çözgütlere esaslanýan oýlap tapyşlar hem-de olaryň ornaşdyrylmagy bilen bagly synag meýdançalarynyň emele getirilmegine şert döretmekden.
Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen häzirki döwrede tanalmaz derejede özgerdi. Mähriban arkadagymyzyň tagallary bilen ýaşaýyş jaý toplumlary, demir ýollar, gara ýollar, medeni durmuş maksatly desgalar, bar bolan ajaýyplyklar ýurdumyzy özgertdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Sanly ykdysadyýetimiz hem güçli depginde ösýär.
Mürrikow Daýanç,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy
Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezi gurulýar