BIZNES

Türkmen dokma önümleri Russiýada görkezildi

Russiýa Federasiýasynda 2021-nji ýyldaky sergi möwsümi dokma we ýeňil senagatynyň önümleriniň 55-nji «Tekstillegprom» lomaý söwda-sergi ýarmarkasy bilen açyldy.

Onuň işine Russiýanyň 28 oblastyndan we dünýäniň 17 döwletinden 300-den gowrak önüm öndüriji gatnaşdy. Wekilçilik eden döwletleriň hatarynda biziň ýurdumyzdan başga-da, Ermenistan, Belarus, Germaniýa, Hindistan, Italiýa, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Polşa, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan, Ukraina Koreýa Respublikasy we Ýaponiýa bar.

Adyndan hem belli bolşy ýaly, sergide dokma we ýeňil senagatynyň önümleri: çig mal, ýüplük, matalar, deri, esbaplar, dokma we ýeňil senagaty üçin enjamlardyr serişdeler, tehniki dokma önümleri we beýlekiler bar. Önümler iri pawilýonlaryň ikisinde görkezildi.

«Profashion.ru» saýty söwda-sergisiniň çäginde Türkmenistanda öndürilen dokma önümlerine hem uly islegiň bildirilendigini ýazýar. Dört günläp dowam eden sergä 15 müň 500-den gowrak adam baryp gördi.

 

Hadi Süleýmanpur: Türkmenistanyň başlyklygynda YHG-niň işi has-da ilerlär

 

 

Ýene-de okaň

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer