Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tutuş dünýäde 335 milliondan gowrak adamyň koronawirus pandemiýasyna garşy sanjym edilendigini we sanjym zerarly hiç bir adamyň aradan çykmandygyny mälim etdi.
BSGG-niň baş direktory Tedros Gebreýesus guramanyň merkezi ştab-kwartirasy bolan Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde wideoaragatnaşyk arkaly metbugat ýygnagyny geçirdi. Ol käbir ýurtlaryň Oksford uniwersitetiniň “AstraZeneca” kompaniýasy bilen işläp düzen sanjymyny ulanmagy togtadandygyny belläp, munuň bilen baglanyşykly barlaglaryň geçirilýändigini belledi.
Dünýäde 335 milliondan gowrak adamyň koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilendigini bellän Gebreýesus sanjym sebäpli hiç hili ölüm wakasynyň ýüze çykmandygyny, ýöne gynansak-da, koronawirus zerarly 2,6 milliona golaý adamyň aradan çykandygyny aýtdy. Ol sanjymlaryň gyssagly we adalatly ýagdaýda ýaýradylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.
“Johnson & Johnson” kompaniýasynyň işläp düzen sanjymyny gyssagly ulanmaga rugsat berlendigini bellän BSGG-niň ýolbaşçysy bu sanjymyň BSGG tarapyndan rugsatnama berlen 4-nji snajym bolandygyny hem ýatlatdy. Gebreýesus ulanylmagyna rugsat berlen snajymlaryň “COVAX” sanjymlaryň ählumumy paýlanylmagy maksatnamasynyň çäklerinde ulanyljakdygyny belläp, “Johnson & Johnson” kompaniýasyndan 500 million doza möçberinde sanjym sargyt edilendigini belledi.
Beýik Britaniýanyň “JCB” kompaniýasy bilen ylalaÅŸyk baglaÅŸyldy