Tutuş dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilenleriň sanynyň 300 milliondan geçendigi mälim edildi. Bu barada Russiýanyň “Tass” habarlar gullugy ýurtlaryň hökümetleriniň, bilermenleriň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna esaslanyp habar berdi.
Häzirki ýagdaýda 301,4 million adam sanjym edildi. Ol hem dünýäniň ilatynyň 3,8 göterimine deňdir. Şol bir wagtyň özünde, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy köpçülikleýin immunitetini gazanmak üçin dünýäde ýaşaýanlaryň takmynan 70%-ine sanjym etmegiň zerurdygyny belläp geçdi we BSGG-nyň Ýewropa bölüminiň başlygy Hans Klýuge pandemiýanyň 2022-nji ýylyň başynda tamamlanyp biljekdigini belleýär.
Dünýäde sanjym etmek işi ýygjamlaşýar. Fewralyň başynda dünýäde her gün 6 million sanjym edilýän bolsa, fewralyň ahyrynda bu görkeziji 4,4 milliona çenli pese gaçdy we mart aýynda başynda ýene-de 7,4 milliona çenli ýokarlandy.
Sanjym etmekde öňdeligi eýeleýän 5 ýurt – ABŞ (90 mln), Hytaý (52,2 mln), Beýik Britaniýa (degişli adalary bilen 23 mln), Hindistan (20,7 mln) we Braziliýa (10,6 mln).
Ilatyň sany boýunça sanjym etmekde Ysraýyl birinji orunda durýar. 97 göterimi sanjym edilipdir. Ikinji runda Seýşel adalary 84,5 göterim we üçünji orunda BAE 65 göterime deňdir.
Russiýada bolsa sanjymyň birinji tapgyrynda 5 million adam sanjym edildi. Ol hem ilatyň 3,4 göterimine deňdir. Umuman, Russiýa sanjym edilenleriň sany boýunça dünýäde 12-nji orunda durýar.