DÜNÝÄ

Rekord: 1101 litr borş taýýarlandy

Russiýaly aşpez Wladimir Zemlýanow 1101 litr borş tagamyny taýýarlap, Russiýanyň rekordyny goýdy. Ol Russiýanyň rekordlar kitabyna öz adyny ýazdyrdy.

“Ataman” toplumynda aşpez ilkibaşda bu tagamy 700 litr möçberinde taýýarlamak isledi. Ýöne soňra öz maksatnamasyny üýtgedip, 1101 litr möçberinde taýýarlady.

Rus aşpezi bu tagamy taýýarlamak üçin 80 kilogram şugundyr, 80 kilogram sogan, 80 kilogram käşir, 100 kilogram et, 120 kilogram ýeralma, 100 kilogram kelem, 25 kilogram pomidor, 50 kilogram pomidor goýultmasy, 20 kilogram burç hem-de 5 kilogan gök otlar peýdalandy.

 

Fransiýanyň Superkubogyny kim gazandy?

Related posts

Italiýaly meşhur modaçy Jorjo Armani aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi

Atçylyk ulgamynda türkmen-saud hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy