SIZDEN GELENLER

Durnukly ösüş – bagtyýar geljek

Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň her güni täze ösüşlere, sepgitlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen belentliklere uzaýan bagtyýar döwrümizdäki üstünlikler sanardan kän. Sanly bilim ulgamynyň kämilleşdirmegi bilen häzirki döwürde uzagara sapaklar, okuwlar, taýýarlyklar, konferensiýalar we ylalaşyklar amala aşyrylýar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet Mugallymçylyk Institutynda “ÝUNESKO kafedrasyny” açmak barada  şu günki geçirilen uzagara konferensiýa hem munuň aýdyň nyşanydyr. Wideoaragatnaşyk arkaly konferensiýa ÝUNESKO-nyň Ýokary bilim bölüminiň başlygy jenap Piter Wels, Daşary işler ministrliginiň wekili, Bilim ministrliginiň wekili, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-iň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň proffessor-mugallymlary gatnaşdylar. Bu uzagara konferensiýada jenap Piter Wels ÝUNESKO/UNITWIN kafedra maksatnamasy hakynda giňden gürrüň berdi we tejribelerini maslahada gatnaşyjylar bilen paýlaşdy. ÝUNESKO kafedrasyny açmagynyň esasy maksady bellenen ugur boýunça Durnukly Ösüş Maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygyny üznükiz ösdürmek we ylmy-barlaglary kämilleşdirmek. Dünýä we döwlet derejesinde ýokary okuw jaýlarynyň hyzmatdaşlyk toryny döretmekden ybarat bolup, durnukly ösüşde, ylymda, bilimde we medeniýetde öňdebaryjy netijeleri gazanmak. Uzagara konferensiýa gatnaşyjylar ÝUNESKO kafedrasyny açmak barada öz tekliplarini aýdyp, jenap Welz bilen sorag-jogaplar alyşdylar.

1992-nji ýylda ÝUNESKO kafedrasyny açmak hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň 26-njy Konferensiýasynda kabul edilip, häzirki döwürde 134 döwletde 850-den gowrak kafedralar hereket edýär. Türkmenistanda hem birnäçe ýokary okuw jaýlarynda ÝUNESKO kafedrasynyň açylmagy göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyny ösdürmek boýunça Alym Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmekde, umumadamzat jemgyýetini ajaýyp üstünliklere alyp barýan belent işleriniň diňe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

 

Açilowa Gözel,

Seýitnazar Seýdi adyndaky

Türkmen Döwlet Mugallymçylyk Institutynyň mugallymy

 

Köp çagaly enelere “Ene mähri” hormatly ady dakyldy

 

 

Ýene-de okaň

Arkadagyň şäheriniň täze baýraklary

Beýik döwrümiziň bagtyýar ýaşlary

Kämil tehnologiýalar – kämil durmuş

Sanly mümkinçilikler — täze wezipeler

Ata Watan Eserleri

Maglumat howpsuzlygy – döwrüň wezipesi

Ata Watan Eserleri

Bilimler güni – bagtýarlygyň açary